Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy

0
411
1
0

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Moldowadan, Ukrainadan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jinsi matany, saryja goýunlarynyň ýüňüni, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 18 million 495 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, ABŞ-dan, BAE-den, Türkiýeden we Hindistandan gelen täjirler jemi bahasy 4 million 130 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 292 müň manatlykdan gowrak awtoulag we süýüm übtügini satyn aldylar.

“Türkmenistan: hepdäniň wakalary”, TDH. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru