Ýokary ligada 31-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

0
288
0
0

Şu gün Aşgabat, Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde, Baýramaly etrabynda Türkmenistanyň futbol boýunça 23-nji Milli çempionatynyň senesi üýtgedilen 31-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Paýtagtymyzda «Aşgabat» futbol topary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Hazyna» toparyny kabul etdi. Mundan bir hepde gowrak ozal «Hazynadan» uly hasap bilen ýeňlen paýtagtymyzyň adybir topary öz meýdanyndaky duşuşykda hem ýeňiş gazanyp bilmedi. Hatda «Hazyna» duşuşykda ilkinji bolup hasaby açdy — 34-nji minutda Begenç Akmämmedow tapawutlandy. Birinji ýarymy şu hasap bilen tamamlanan duşuşygyň ikinji ýarymy has-da çekeleşikli geçdi. Yzly-yzyna geçirilen hüjümleriň biri ahyrsoňy 81-nji minutda netijesini berdi. Ýer eýelerinden Pirmyrat Gazakow  tapawutlandy. Duşuşyk 1:1 hasaby bilen hem tamamlandy.

Mary şäherinde ýerli «Merw» Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» toparyny kabul etdi. Duşuşyk myhmanlaryň 0:2 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy, pökgüleri 6-njy minutda Begenç Annagurbanow we 44-nji minutda Süleýman Muhadow geçirdi. Bu ýeňişden soň, «Altyn asyr» utuklarynyň sanyny 86-a çykaryp, bassyr bäşinji ýeňşini gazandy.

Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» «Ahal» toparyny kabul etdi. Duşuşyk 2:0 hasabynda ýer eýeleriniň üstünligi bilen tamamlandy. Pökgüleri 77-nji minutda Azat Garajaýew we 89-njy minutda Hemra Amanmämmedow geçirdi.

Baýramaly etrabynda geçirilen duşuşykda «Energetik» Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň 11-nji minudynda talyplar Pirmyrat Sultanowyň dürs urgusy bilen öňe saýlanandygyna garamazdan, ikinji ýarymda ýer eýeleri iki pökgi geçirip, ýeňşi öz tarapyna öwürdiler. Şeýlelikde, «Energetik» şu ýyl öz meýdanynda HTTU bilen geçiren duşuşyklarynyň ikisinde hem ýeňiş gazandy. Toparlaryň arasynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar bolsa deňlikde tamamlandy.

31-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň ýaryş tertibi:

«ALTYN ASYR» 33/86
«BALKAN» 33/64
«ŞAGADAM» 33/54
«AŞGABAT» 33/50
«AHAL» 33/49
«MERW» 33/41
«HAZYNA» 32/41
HTTU 32/38
«ENERGETIK» 32/19

31-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň iň kän pökgi geçiren futbolçylar:

1. Myrat Ýagşyýew, «Balkan», 30 pökgi;

2. Süleýman Muhadow, «Altyn asyr», 25 pökgi;

3. Altymyrat Annadurdyýew, «Ahal», 22 pökgi;

4. Berdi Şamyradow, «Aşgabat», 20 pökgi;

5. Didar Durdyýew, «Hazyna», 18 pökgi;

6. Hemra Amanmämmedow, «Şagadam», 18 pökgi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru