Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün futbol boýunça Ýokary liganyň 31-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler

10:1805.12.2015
0
1266

Şu gün futbol boýunça 23-nji Milli çempionatymyzyň 31-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, milli ýygyndymyzyň Eýranyň hem-de Omanyň futbol ýygyndylary bilen geçiren duşuşyklary sebäpli, 31-nji we 32-nji tapgyrlaryň duşuşyklarynyň senesi üýtgedilipdi.

Bu tapgyryň bir aýratynlygy hut ýaňy-ýakynda geçirilen 22-nji tapgyryň ekiztaýylygydyr. Çünki ara «Hazyna» — «Altyn asyr» duşuşygy düşri diýäýmeseň, bu tapgyrda duşuşýan toparlar biri-birini mundan bir hepde gowrak ozal synaga salyp görüpdiler. 

«Aşgabat» — «Hazyna»: ýeňliş orun üçin howply

Şu möwsümde «Aşgabat» Ýokary liganyň täze wekiline — «Hazyna» çäre tapyp bilenok. Mundan bir hepde gowrak ozal bolsa «paýtagtlylar» «ykdysadyýetçilerden» garaşylmadyk uly hasap bilen ýeňlipdiler. Ine-de, şol oýnuň jogap duşuşygy. Belki «Aşgabat» Ýokary ligada ýeňip bilmeýän, özüni Kubok ýaryşyndan bolsa çykaran bäsdeşini bu gezek ýeňer ýa-da tersine «Hazyna» «Aşagabadyň» derwezesine ýene-de pökgi baryny geçirip, möwsümdäki özara soňky duşuşyklarynda hem ýeňiş gazanar.

«Altyn asyr» bilen «Balkan» ymykly öňe saýlanansoň, 6 toparyň arasynda üçünji we altynjy orun üçin çekeleşikli ýaryş dowam edýär. Başgaça aýtsak, şol 6 topara üç-üçden iki bölege bölündi. Birinji bölekdäki «Aşgabat» «Ahaldyr» «Şagadam» bilen 23-nji çempionaty üçünji orunda tamamlamak üçin barlyşyksyz göreş alyp barýar. Şu wagt toparyň utugy «Ahalyň» gazanan utugy bilen. Iki toparda hem 49 utuk bar, ýöne garşydaşlaryndan bary-ýogy bir utuk az toplan «Şagadam» hem üçünji ornuň dalaşgärleriniň hatarynda. «Hazyna» bolsa «Merwdir» HTTU bilen ýaryş tertibiniň altynjy basgançagy üçin göreşýär. Garaz, ýeňleniň güni kyn. Iki topar hem hökmany gazanylaýmaly ýeňiş üçin meýdana çykanlarynda, duşuşyk has gyzykly geçýär. Bu gezegem şeýle boljakdygy gürrüňsiz hakykatdyr.

«Aşgabat» — «Hazyna» duşuşygynda ýüze çykyp biläýjek käbir sanlar:

Eger şu duşuşykda «Hazyna» derwezesinden ýekeje pökgini geçirtse, onda topar şu möwsümde 50 pökgi geçirden toparlaryň sanawyna girer;
Bu duşuşyk hem «Hazynanyň» peýdasyna tamamlansa, ýaryş tertibiniň üçünji basgançagynda barýandygyna garamazdan, «Aşgabadyň» bassyr üçünji şowsuzlygy bolar.

Ýokary ligada şu ýylky «Aşgabat» — «Hazyna» duşuşyklarynyň netijeleri:

4-nji tapgyr (03.04.2015 ý.) «Hazyna» – «Aşgabat»  1:1

13-nji tapgyr (23.05.2015 ý.) «AŞGABAT» — «Hazyna» 0:1

22-nji tapgyr (28.11.2015 ý.) «Hazyna» — «Aşgabat» 6:1

«Merw» — «Altyn asyr»: «aragatnaşykçylar» rekord goýup biler

Çempion bolandygyna garamazdan, ýeňişli ýoluny dowam etdirýän «Altyn asyr» 22-nji tapgyrda öz meýdanynda «Merwden» kynlyk bilen üstün çykypdy. Hatda duşuşykda ilki bolup hasaby açan hem «Merwdi». Ýöne her niçik hem bolsa «aragatnaşykçylar» duşuşygyň ahyrynda hasaby öz peýdalaryna 2:1-e öwürmegi başardylar.

Eger bu duşuşyk hem «Altyn asyryň» üstünligi bilen tamamlansa, topar möwsümde gazanan utuklarynyň sanyny 86-a çykarar. Toparyň öňünde bu duşuşykdan soňra hem ýene üç oýnuň bardygyny nazarda tutsak, «aragatnaşykçylara» geçen möwsümde gazanan utuklaryndan 3 utuk artyk gazanmaga mümkinçilik bar. Ýagny, öňdäki duşuşyklaryň ählisinde ýeňiş gazanyp bilseler, «aragatnaşykçylar» Ýokary liganyň 23-nji möwümini 95 utuk bilen tamamlap bilerler. Bu bolsa Ýokary liganyň taryhyndaky rekord dereje bolar. Mundan öň Ýokary liganyň bir möwsümini 95 utuk bilen tamamlan ýekeje topar hem ýok.

«Merw» bolsa, ýokarky bölümde hem ýaňzydyp geçişimiz ýaly, «Hazynadyr» HTTU bilen altynjy orun ugrundaky göreşi dowam etdirýär. Şu wagt «Merwiň» 32 oýundan soňra 41 utugy bar. «Hazynanyň» 40 utugy bar, ýöne «Hazynanyň» ätiýaçda duran ýene bir oýny bar. Diýmek, «Merwe» mundan beýläk utuk ýitirmek has howply. Ýöne garşydaşyň «Altyn asyr»...

Şu duşuşykda ýüze çykyp biläýjek käbir sanlar:

«Altyn asyryň» hüjümçisi Süleýman Muhadow şu duşuşykda ýekeje gezek tapawutlanyp bilse, bu gol hüjümçiniň 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada geçiren 80-nji goly bolar;
Duşuşyk deňlikde tamamlansa, onda «Altyn asyr» Ýokary ligadaky 40-njy deňligi bilen ýüzbe-ýüz bolar;
Eger duşuşykda «aragatnaşykçylar» «Merwiň» derwezesinden ýekeje pökgini geçirip bilseler, bu gol Mary şäheriniň toparynyň şu möwsümde öz meýdanynda derwezesine goýberden 20-nji goly bolar;
Tersine «Merw» «Altyn asyryň» derwezesine ýekeje pökgini geçirip bilse, bu gol «aragatnaşykçylaryň» şu möwsümde derwezesine goýberden 20-nji pökgüsi bolar;
Duşuşyk «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlansa, bu ýeňiş toparyň yzly-yzyna gazanan bäşinji ýeňşi bolar;
Üstesine duşuşyk şeýle gutarsa, «Merw» bassyr üçünji şowsuzlygy bilen didarlaşar.

Şu möwsümdäki «Merw» — «Altyn asyr» duşuşyklarynyň netijeleri:

4-nji tapgyr (01.04.2015 ý.) «Altyn asyr» – «Merw» 2:2

13-nji tapgyr (23.05.2015 ý.) «Merw» — «Altyn asyr» 0:3

22-nji tapgyr (28.11.2015 ý.) «Altyn asyr» — «Merw» 2:1

«Şagadam» — «Ahal»: "kenarlylar" üçünji orna geçip biler?

«Ýa demrinden, ýa kömründen», möwüme iň gowy başlan toparlaryň biri «Ahal» soňky tapgyrlarda yzly-yzyna şowsuzlyklara uçraýar. Soňky iki duşuşykda bolsa topar öz derwezesine 6 pökgi goýbertdi. Üstesine mundan birnäçe tapgyr ozal hem ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda ýerleşen «Ahal» häzir dördünji orna düşmese kaýyl. Üçünji orun ugrundaky esasy bäsdeşleriniň biri hem hut şu duşuşykdaky garşydaşy.

22-nji tapgyrda Aşgabatda bolan duşuşykdan çen tutsaň-a üstünlik ýene-de «Şagadamyň» elinde. Ýöne garşydaşlaryň ikisiniň hem güýçleriniň deňeçerliginden ugur alyp, «Şagadamyň» ýeňiş gazanjakdygyny anyk aýtmak kyn. Geçen tapgyryň öňünden «Balkan» «Daşoguzyň» derwezesine ýekeje pökgi hem geçirip bilmez» diýilse, gepimize kim «hä» bererdi. Bu duşuşykda hem her zat bolup biler.

Şu duşuşykda ýüze çykyp biläýjek käbir sanlar:

Duşuşyk deňlikde tamamlansa, bu deňlik «Şagadamyň» şu möwsümdäki 10-njy deňligi bolar;
Ýok, «Şagadam» ýeňse, onda «kenarlylar» bassyr üçünji ýeňşini gazanar. Topar şu möwsümde mundan öň hem bassyr 3 ýeňiş gazanyp görüpdi.
Üstesine duşuşyk şeýle tamamlansa, bu «Ahalyň» bassyr üçünji şowsuzlygy bolar.

Şu ýyl Ýokary ligada «Şagadam» — «Ahal» duşuşyklarynyň netijeleri:

4-nji tapgyr (03.04.2015 ý.) Ahal – Şagadam 1:1

13-nji tapgyr (23.05.2015 ý.) «Şagadam» — «AHAL» 1:1

22-nji tapgyr (28.11.2015 ý.) «Ahal» — «Şagadam» 1:3

«Energetik» — HTTU: talyplara ýeňiş zerur

Ýaryş tertibinde 8-nji we 9-njy orunlary eýeleýän toparlary nobatdaky gezek Baýramaly şäherinde duşuşýarlar. HTTU-a «Energetik» bilen duşuşyklardaky şowsuzlyklaryň soňuna çykmak başardarmy? Eger bu başartmasa, Türkmenistanyň dört gezek çempiony soňky ýyllardaky iň pes netijäni görkezip, sekizinji orunda ymykly kök urar. «Energetik» bolsa Ýokary ligadaky ilkinji möwsümini dokuzynjy orunda tamamlady.

Şu duşuşykda ýüze çykyp biläýjek käbir sanlar:

Şu duşuşyk HTTU-nyň Ýokary ligadaky 350-nji duşuşygy bolar;
Eger duşuşyk HTTU-nyň peýdasyna tamamlansa, «Energetik» şu möwsüminde 20-nji gezek utular.

Ýokary liganyň şu möwsümindäki «Energetik» — HTTU duşuşyklarynyň netijeleri:

4-nji tapgyr (04.04.2015 ý.) «Energetik» – HTTU 3:1

13-nji tapgyr (22.05.2015 ý.) HTTU — «Energetik» 0:0

22-nji tapgyr (28.11.2015 ý.) HTTU — «Energetik» 1:1

«Balkan» — «Daşoguz»: "nebitçileriň" kümüş medaly taýýar

Duşuşyga gelmeýänligi üçin «Daşoguza» tehniki ýeňliş yglan edildi. Şeýlelikde, möwsümdäki duşuşyklarynyň ýene-de üçüsiniň bardygyna garamazdan, «Balkan» Ýokary liganyň 23-nji möwsümini ikinji orunda tamamlamagy başardy. Galyberse-de, «Daşoguza» tehniki ýeňlişiň berilmegi bilen, «nebitçiler» yzly-yzyna üçünji ýeňşini gazandylar.

Ýokary liganyň şu möwsüminde geçirilen «Balkan» — «Daşoguz» duşuşyklarynyň netijeleri:

4-nji tapgyr (02.04.2015 ý.) «Daşoguz» – «Balkan» 0:6

13-nji tapgyr (24.05.2015 ý.) «Balkan» — «Daşoguz» 8:0

22-nji tapgyr (28.11.2015 ý.) «Daşoguz» — «Balkan» 0:0

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň