4-nji dekabrdaky dabaraly çäreleriň çäginde Maslahat köşgünde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Bu ýerde meşhur artistler, görnükli döredijilik toparlary hem-de belli estrada ýerine ýetirijileri, esasy wokalçylar hem-de ýaş aýdymçylar we tansçylar, ýaş zehinler çykyş etdiler.
Çykyşlar “Arkadagyň toý toýlaýar” diýen watançylyk baýramçylyk aýdymy bilen açyldy. Konsertiň maksatnamasyny ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň eserleri, häzirki zaman gaýtadan işlenen halk aýdymlary daşary ýurtly döredijilik işgärleriniň eserleri düzdi. Parahatçylyk, dostluk, şadyýanlyk, mähriban topraga söýgi ähli çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. “Dokmaçylar”, “Dessan”, “Laçyn”, “Miras”, “Dehistan”, “Aşgabat”, “Meňli”, Döwlet tans toparlary öz sungatyny görkezdiler.
Ýurduň ähli welaýatlaryndan birleşen bagşylar topary dessan aýtmak sungatynyň iň oňat däplerinde çykyş etdi. Bu ýere ýygnananlar “Mukam” skripkaçylar toparyna, “Owaz” we “Güller”, “Ruhubelent” hem-de “Şatlyk” çagalar tans toparlaryna şowhunly el çarpdylar.
Tans we halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren gadymy “Küştdepdi” türkmen tansy halkyň kalbynyň baýdygynyň we açykdygynyň, agzybirdiginiň, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalydygynyň hem-de dostluga we doganlyga sarpa goýýandygynyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Konsert Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşyjylaryň ählisini birleşdiren “Arkadagym bar” diýen aýdym bilen tamamlandy.