TÝL — 2015: 28-nji tapgyryň senesi üýtgedilen duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

0
215
1
0

«Hazyna» 1:2 «Altyn asyr»

Gollar:

0:1, Selim Nurmyradow 55’

0:2, Süleýman Muhadow 76’

1:2, Gurbanguly Aşyrow 82’.

Muhadow geçen ýylky görkezijisine ýakynlaşýar: Süleýman Muhadow şu tapgyrdan soň möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 24-e çykardy. Möwsümiň iň netijeli hüjümçisi Myrat Ýagşyýew bilen arany 6 pökgä çenli ýygran Süleýman möwsümde ýene-de ýekeje gezek tapawutlanyp bilse, geçen ýyl HTTU-nyň düzüminde görkezen 25 golluk derejesini gaýtalar.

Ýene ýekeje gol gerek: Süleýman Muhadowyň soňky 4 ýylda Ýokary ligada geçiren gollarynyň sany hem 79 boldy. Diýmek, hüjümçä 8 onlugy tegelemek üçin ýekeje ädim ýeterlik.

Toparyň taryhyna girýär: Süleýman Muhadow «Altyn asyryň» düzüminde 2013-nji ýyldan bäri iň kän gol geçiren futbolçylaryň sanawynda hem ikinji orna çykdy. Bu sanawyň başyny çekýän Didar Durdyýew 2013-nji ýyldan bäri toparyň düzüminde 41 gezek tapawutlanypdy.

Aşyrow açyldy: Duşuşykda «Hazynanyň» ýeke-täk golunyň awtory Gurbanguly Aşyrow möwsümde birinji gezek tapawutlanyp gördi.

«Altyn asyryň» 1, 2, 3-ligi: Ýagny, «aragatnaşykçylar» Ýokary ligadaky 123-nji ýeňşini gazandylar.

Tapgyr iň kän gollularyň bäşliginde: Şeýlelikde, 28-nji tapgyrda derwezelere jemi 19 pökgi geçirildi. Bu bolsa tapgyryň möwsümdäki iň kän golly tapgyrlaryň sanawynda ilkinji bäşlige girendigini görkezýär. Mundan öň diňe 26-njy tapgyrda 19 gol bardy.

Öz meýdanynda 21 gol geçirtdi: «Hazyna» şu möwsümde öz meýdanynda geçirilen duşuşyklarda 21 gol geçirtdi. Şeýlelikde topar möwsümde öz meýdanynda 20 we ondan kän gol geçirden toparlaryň sanawyna bäşinjilik bolup goşuldy.

4 tapgyr bäri: «Aragatnaşykçylaryň» ýeňişleri 4 tapgyr bäri dowam edip gelýär.

«Üçden soň puç» boldy: «Altyn asyr» «Hazynanyň» üç tapgyrlyk ýeňşiniň «soňuna sogan ekdi».

Ýene 1:2: «Hazyna» şu ýyl «Altyn asyrdan» öz meýdanynda iki gezegem 1:2 hasabynda ýeňildi. Iki toparyň arasynda möwsümde geçirilen 4 duşuşyk hem «Altyn asyryň» ýeňşi bilen tamamlandy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru