Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2015: 22-nji tapgyryň möhleti süýşürilen duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

17:2604.12.2015
0
1278

Ýene bir 16 golly tapgyr: Mundan ozal şu möwsümde 7 tapgyr 16 gol bilen tamamlanypdy. 22-nji tapgyr hem bu sanawa sekizinjilik bolup goşuldy. Tapgyrda geçirelen şunça pökginiň diňe biri 11 metrlik jerime urgusyndandyr.

Meýdanam, utugam öý eýeleriniňki: Şu tapgyr-a şeýle boldy. Bäş duşuşygyň üçüsinde meýdan eýeleri ýeňiş gazandy, biri myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Bir duşuşykda bolsa hasaby açmak garşydaşlaryň hiç birine-de başartmady.

469 gol: Şu tapgyrdan soň Ýokary liganyň 23-nji möwsüminde derwezelere geçirilen pökgüleriň sany 469-a çykdy.

«Altyn asyr» 2:1 «Merw»

Gollar:

0:1, Toýly Goçnazarow 55’

1:1, Ahmet Ataýew 63’ (11 m.j.u.)

2:1, Şöhrat Söýünow 74’.

Kapitanyň 10-njy goly: Meýdanda «Altyn asyra» başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýän kapitan Ahmet Ataýew tapawutlanmakda hem ýoldaşlaryna görelde görkezýär. Şu tapgyrda A.Ataýew möwsümdäki 10-njy goluna adyny ýazdyrdy.

8 onluk dolduryldy: Çempion bolandygyna garamazdan, «Altyn asyryň» bady gowşamaýar. «Aragatnaşykçylar» şu ýeňiş bilen möwsümde gazanan utuklarynyň sanyny 80-e tegelediler.

7 onluk dolduryldy: Indi gürrüň «aragatnaşykçylaryň» diňe şu möwsümde geçiren gollarynyň sany barada barýar. Şu tapgyrdan soňra, «Altyn asyr» garşydaş derwelerden jemi 70 gol geçirip, möwsümde 70 gola ýeten ikinji topar boldy.

«Hazyna» 6:1 «Aşgabat»

Gollar:

1:0, Güýçmyrat Annagulyýew 12’

2:0, Didar Durdyýew 51’

3:0, Didar Durdyýew 56’

4:0, Kemal Gurbanow 60’

4:1, Berdi Şamyradow

5:1, Guwanç Abylow

6:1, Begenç Akmämmedow.

Şamyradow 20-nji goluny geçirdi: Tejribeli hüjümçi Berdi Şamyradow şu tapgyrda möwsümdäki 20-nji goluny geçirdi.

Durdyýew iň netijelileriň bäşliginde: Möwsümde geçiren pökgüleriniň sanyny 18-e çykaran Didar Durdyýew ýylyň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda ilkinji bäşlige girmegi başardy.

«Hazynanyň» ýene bir sepgidi: Şu tapgyrdan soňra «Hazyna» garşydaş derwezelere jemi 52 gol geçirip, möwsümde 50 gol geçiren altynjy topar boldy.

Tapgyryň gollarynyň ýarysyna golaýy: Jemi 7 golly bu duşuşyk iň kän golly duşuşyklaryň bäşligine girdi. Mundan öň 7 golly iki oýun bar. Onuňam biri HTTU-Aşgabat duşuşygydyr. Şol duşuşykda hem «Aşgabat» HTTU-dan 3:4 hasabynda asgyn gelipdi.

«Hazyna» ikinji orunda: Ýagny öz meýdanyňda kän pökgi geçirmekde... Şu tapgyrdan soňra «Hazyna» öz meýdanynda garşydaş derwezelere jemi 37 pökgi geçirdi. Bu bolsa çempionatyň lideri «Altyn asyryň» görkezijisinden hem gowudyr.

«Ahal» 1:3 «Şagadam»

Gollar:

0:1, Hemra Amanmämmedow

0:2, Azat Garajaýew

1:2, Mihail Titow

1:3, Azat Garajaýew.

Ahyrsoňy: Möwsümdäki «Ahal» — «Şagadam» duşuşyklarynyň ikisi hem 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. Iki deňlikden soň, «Şagadam» ahyrsoňy üstünligi öz eline aldy.

Goragçynyň ikinji goşasy: Tejribeli goragçy Azat Garajaýew şu möwsümde eýýäm ikinji gezek bir oýunda iki gezek tapawutlanýar.

50-den geçdi: Ýagny, möwsümde «Ahalyň» öz derwezesine goýberden gollarynyň sany 51-e çykdy. Indi «Ahal» şu möwsümde 50-den kän gol geçirden dördünji topardyr.

HTTU 1:1 «Energetik»

1:0, Nurýagdy Muhammedow 3’

1:1, Artýom Nikitenko 18’.

Ýene deňlik: HTTU şu möwsümde öz meýdanynda «Energetigi» ýeňip bilmedi. Iki duşuşyk hem deňlik bilen tamamlandy.

10-njy deňlik: Möwsümiň «deňlikçileriniň» biri bolan «Energetik» 10-njy deňligini gazandy.

«Daşoguz» 0:0 «Balkan»

Garaşylan topardan garaşylmadyk netije: «Balkan» şu möwsümde ilkinji gezek «Daşoguz» bilen deňlik hasapda duşuşyk geçirdi.

Iki topar üçin hem täzelik: Bu duşuşyk iki toparyň hem şu ýylky oýunlarynda 0:0 hasabynda tamamlanan ilkinji duşuşykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň