Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2015: 34-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

17:2204.12.2015
0
1381

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

14 gol: Tapgyrda derwezelere 14 pökgi geçirildi, ýöne entek ätiýaçda bir duşuşygyň bardygyny hem ýatdan çykarmaly däl.

Ýer eýeleri — üstün: Tapgyrda geçirilen dört duşuşygyň üçüsi ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Myhmanlar diňe bir oýunda ýeňip bildiler. Deňlikde tamamlanan oýun ýok.

«Hazyna» 2:0 «Merw»

Gollar:

1:0, Didar Durdyýew 26’

2:0, Begenç Akamämmedow 67’.

Didar Durdyýew ilkinji bäşlikde: Şu tapgyrda geçiren pökgüsinden soň, möwsümdäki gollarynyň sanyny 16-a çykaran Didar Durdyýew, şeýlelikde, möwsümiň iň netijeli hüjümçileriniň bäşligine girmegi başardy. Ýöne Didar 5-nji orny «Şagadamyň» hüjümçisi Hemra Amanmämmedow bilen paýlaşýar. Hemranyň hem häzir 16 goly bar.

Soňky 3 tapgyrda 4 gol: Didar Durdyýew möwsümde geçiren gollarynyň 4-sini soňky üç tapgyrda geçirdi.

Akmämmedow üçünjilige şärik: Şu tapgyrda «Hazynanyň» Ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän möwsüminde üçünji 4-nji pökgüsini geçiren Begenç Akmämmedow toparyň Ýokary ligadaky iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda üçünji orna çykdy. Ýöne ol üçünji orny başga bir 4 golly futbolçy bilen, ýagny Gurban Annaýew bilen paýlaşýar.

«Hazyna» öz meýdanynda rüstem: Şu tapgyrdan soň, «Hazynanyň» öz meýdanynda geçiren pökgüleriniň sany 31-e çykdy. Şeýlelikde topar şu möwsümde öz meýdanynda 30-dan kän pökgi geçirip bilen üçünji topar boldy.

«Süýji-süýji iýmäniň...»: «Merw» yzygiderli gazanylan üç ýeňişden soň, ahyry ýeňildi. Ýöne topar ýaryş tertibindäki ornuny saklap galýar.

46 — 46: Şu tapgyrdan soň, «Hazynanyň» garşydaş derwezelere geçiren pökgüleriniň sany bilen öz derwezesine goýberden pökgüleriniň sany deňleşdi: 46 — 46.

«Ahal» 1:4 «Balkan»

Gollar:

0:1, Myrat Ýagşyýew 50’ (11 metrlik jerime urgusy)

0:2, Myrat Ýagşyýew 58’

1:2, Mihail Titow 61’

1:3, Myrat Ýagşyýew 70’

1:4, Aleksandr Boliýan 86’.

Myrat Ýagşyýewiň 30-lygy: Myrat Ýagşyýew şu tapgyrdaky het-trigi bilen möwsümdäki gollarynyň sanyny 30-ä çykardy we iň netijeli hüjümçileriň sanawyndaky iň ýakyn bäsdeşi Süleýman Muhadowdan 7 pökgi öňe saýlandy.

Karadanowyň netijesi yzda galdy: Geçen möwsümiň iň netijeli hüjümçisi Mämmedaly Karadanow 28 pökgi geçiripdi. Myrat Ýagşyýew bolsa toparynyň ýene-de 5 oýnunyň bardygyna garamazdan, M.Karadanowyň netijesini bireýýäm yzda galdyrdy.

Soňky ýylda 30 pökgi geçiren ýeke-täk futbolçy: Mundan 10 ýyl ozal, ýagny 2005-nji ýylyň futbol möwsüminde Berdi Şamyradow HTTU-nyň düzüminde bir ýylda 30 pökgi geçirip bilipdi. Myrat Ýagşyýewiň bolsa öňünde ýene geçirilmeli duşuşyklary bar. Diýmek, M.Ýagşyýew türkmen futbolynyň 1992-nji ýyldan bäri gaýdýan taryhynda bir möwsümde 30-dan kän gezek tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna üçünji bolup goşulyp biler. Ýatladýarys: 1992-nji ýylyň möwsüminde Sergeý Kazankow we 1995-nji ýylda Rejepmyrat Agabaýew dagylar bir möwsümde 41 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi bolupdylar. Myrada şol menzile ýakynlaşmaga mümkinçilik bar.

Ýagşyýew soňky 4 möwsümiň iň gowy 5-njisi: Myrat Ýagşyýew 2012-nji ýyldan bäri geçiren gollarynyň sanyny 55-e çykaryp, şol möwsümden bäri iň gol gol geçiren futbolçylaryň sanawynda 5-nji orna çykdy.

Möwsümde üçünji gezek: Myrat Ýagşyýew şu möwsümde üçünji gezek penaltysyny dürs ýerini ýetirdi.

Boliýan bardygyny bildirdi: Üçünji aýlawda «ot açyp», dördünji aýlawda biraz «arkaýynlaşan» Aleksandr Boliýan 5 tapgyrlyk arakesmeden soň, ýene-de gol geçirdi. Tejribeli hüjümçi möwsümdäki gollarynyň sanyny 9-a çykardy.

Ýedi ondan-a geçdik: Möhüm ýeňişden soň, «Balkan» hem utuk sanyny 70-den geçiren toparlaryň hataryna goşuldy. Has takygy, mundan öň 70 utukdan diňe «Altyn asyr» geçipdi.

Şatlanmaga kiçijek umyt: Duşuşykda ýeňlen hem bolsa, «Ahal» şu möwsümde öz meýdanynda 30 gol geçiren toparlaryň sanawyna goşuldy.

«Şagadam» 3:1 HTTU

Gollar:

1:0, Yhlas Magtymow 14’

2:0, Hemaýat Kömekow (öz derwezesine)

3:0, Gahrymanberdi Çoňkaýew 51’

3:1, Muhammed Astanow 78’.

Ýokary ligadaky 80-nji şowsuzlyk: Şu duşuşykda HTTU Ýokary ligadaky 80-nji utulyşyna sezewar boldy.

Hasratly 50: Şu tapgyrdan soňra möwsümde HTTU-nyň derwezesine goýberden gollarynyň sany 50-ä çykdy.

Deňleşdiler: Şu möwsümde «Şagadam» bilen HTTU-nyň özara geçiren duşuşyklarynda her topar iki gezek ýeňiş gazandy. Iki toparyň hem gazanan ýeňişleriniň biri myhmançylykda, biri öz meýdanynda gazanyldy.

«Altyn asyr» 2:1 «Aşgabat»

Gollar:

0:1, Berdi Şamyradow 16’

1:1, Didar Hajyýew 84’

2:1, Didar Hajyýew 89’

Şamyradow «Aşgabadyň» iň gowy üçlüginde: Şu tapgyrdan soňra «Aşgabat» toparynda oýnan ýyllarynda jemi 19 gol geçiren tejribeli hüjümçi Berdi Şamyradow topyň düzüminde 2013-nji ýyldan bäri iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda üçünji orna çykdy. Bu sanawyň başyny 29 gol bilen Elman Tagaýew we 20 gol bilen Boris Iwanow çekýär.

«Altyn asyra-da» 10 gol: Şeýlelikde, «Altyn asyryň» hem öz meýdanynda derwezesinden geçiren pökgüleriniň sany 10-a çykdy. Indi Ýokary liganyň şu möwsüminde öz öýünde geçiren duşuşyklarynda derwezesine 10-dan az gol geçirden topar ýok.

Ýene bir 10-luk, ýöne gowy: Şeýlelikde, «aragatnaşykçylar» şu möwsümde öz meýdanynda geçiren duşuşyklarynda 10-njy ýeňşini gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň