Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan Sergi geçirildi

17:1104.12.2015
0
6325

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda talyp ýaşlaryň sergisi geçirildi. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Bu baýramçylyk sergisine ýurdumyzyň tanymal suratkeşleri, Suratkeşler birleşiginiň ýolbaşçysy we agzalary, çeperçilik mekdepleriň ýolbaşçylary, mugallymlary, talyplary, okuwçylary, şeýle-de diýarymyzyň sungat muşdaklary işjeň gatnaşdylar. 

Bu sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2015-nji ýylda geçirilen temalaýyn sergileriň on birinjisidir hem-de sergä gatnaşýanlaryň sany we olaryň görkezýän eserleriniň hili boýunça iň ähmiýetlisidir. Ýerli neşirler, tele we radioýaýlymlar bu serginiň gidişini giňden şöhlelendirdiler. Çeperçilik akademiýasynyň talyplary bir ýyl mundan ozal meýilleşdirilen “2015-nji ýyl Bitaraplyk  we parahatçylyk ýyly” diýip atlandyrylan sergä turuwbaşdan taýýarlyk gördüler.

Sergä gatnaşan Sadap Hojalyýewa, Laçyn Baýlyýewa, Begenç Babaýew, Arap Çaryýew, Mähri Çaryýewa ýaly talyplaryň eserlerinde täze gurulýan binalaryň gurluşygynyň gidişi, gurluşykçylaryň, nebitçileriň, pagtaçylaryň we gallaçylaryň portretleri öz beýanyny tapýar. “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň talyby Bahar Gylyçlyýewa “Toý güni” atly täsin eseri bilen sergä gatnaşýar. Ol öz gahrymanlarynyň içki dünýäsiniň köp taraplaryny açmagy başarýar we adamlaryň keşbinde döwrebap milli häsiýetleri ýüze çykarýar. Mysal üçin, häzirki döwrüň ajaýyp restoranlarynda gurnalýan durmuş toýunyň gidişi – bagşy-sazandalaryň aýdym aýdyp saz çalyşy, toýa gelen myhmanlaryň ýaş çatynjalar bilen şagalaňly tanslary, bala çagalaryň şadyýan oýunlary, türkmen saçagynyň bereketliligi, penjireden görünýän gijeki Aşgabadyň gözelligi eserde öz beýanyny tapýar. Özboluşly peýzaž işi bilen Hanmyrat Hanow sergide çykyş edýär. Onuň eserinde parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderiler esasy orna eýe bolup, olar alyslarda görünýän, köpetdagyň etegindäki  ak mermere bürenen ak şäher bilen çeper taýdan sazlaşykly getirilýär. Eserden howa giňişligi arkaly mawy asmanyň astyndaky ýaşaýşyň asudalygy, parahatçylygy aýdyň duýulýar.

Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň sergisi sungatda ýaşlaryň durmuşy uly gyzyklanma bilen göwnaçyk özleşdirmekleriniň ähmiýetliligini tassyklaýar. Türkmen aýdym-sazlarynda, tanslarynda ýüze çykýan liriki täsirler olaryň ene topragynyň gözelliginden, bagy bossanlygyndan alýan ylhamyndan aýrylmazdyr. Bu aýratynlyklara Atamyrat Çaryýewiň “Aşgabadyň sungat agşamy” atly eserine mahsusdyr. Köçäniň, ussahananyň, gülüň şekili talypda galan täsiriň täzeligi bilen özüne maýyl edýär; oýlanyşykly reňk sazlaşygy jaýyň içki gurluşynyň çözgüdinde giňişligiň döredilmegine ýardam berýär. Lirikligi, aýdyňlygy bilen Jeren Abdyllaýewanyň “Bitaraplyk mukamy”, Fatima Hanowanyň “Parahatçylyk”, Dilnara Rozyýewanyň “Sport we parahatçylyk”, Ahmet Kakajanowyň “Bagtyýar nesil” ýaly şahyrana hem-de çylşyrymly bolmadyk grafika eserleri özüne çekýär. Elbetde, sergide görkezilen ençeme işlerde talyplaryň köp zady sadadan ýönekeý görýändiklerini duýmak bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyklykda olar durmuşyň has ähmiýetli taraplaryny çözmeklige borçlanyp, ruhy taýdan çylşyrymly meselelere ýüzlenmelidirler. Bu bolsa, gürrüňsiz, olara şahsy döredijiliginiň ösüşine oňyn täsirini ýetirer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň