Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna Aba Annaýewiň adyny dakmak teklip edilýär

11:1004.12.2015
0
4622

3-nji dekabrda “Türkmen atlary”  döwlet birleşiginiň edara binasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň wekilleriniň, tejribeli atşynaslaryň, halypa seýisleriň, çapyksuwarlaryň hem-de belli seçgiçileriň, alymlaryň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi.

Onuň barşynda ýurtda atçylyk ulgamyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we türkmen atlarynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek boýunça öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda gurulýan athanalar toplumyna we  ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň gidýän ýerine baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanmagynyň, toplumda bedewler hem-de atşynaslar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi barada beren tabşyryklarynyň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtadylar.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar taryhda öçmejek yz galdyran we ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratynyň dikeldilmegi ugrunda mynasyp goşant goşan Aba Annaýewiň bitiren hyzmatlaryny ýatladylar. Şeýle hem çykyş edenler köp sanly desgalardan we tutuş ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan bu toplumy Aba Annaýew adyndaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy diýip atlandyrmak kararyna geldiler we bu teklibi biragyzdan öňe sürdüler. Bu teklip maslahata gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldawa mynasyp boldy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň