Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

10:5804.12.2015
0
2383

3-nji dekabrda Türkiýäniň Izmir şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň jemleýji çäreleri hem-de bu döredijilik çäresiniň dabaraly ýapylyşy boldy.

Forumyň çäreleri şäheriň ajaýyp ýerleriniň biri bolan giň möçberli Medeniýet seýilgähiniň çäginde jemlenen döredijilik merkezlerinde guruldy. Irden seýilgähiň çeperçilik galereýasynda sergi geçirildi. Ol milli  şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň köpdürlüligini hem-de özboluşlylygyny şöhlelendirdi. Günüň ikinji ýarymynda türkmenleriň meşhur nesilbaşysy Oguzhan, onuň agzybirligi berkitmek, döwlet garaşsyzlygyny berkarar etmek, parahatçylygyň gadyryny bilmek barada eden, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl bolan arzuw-wesýetleri barada gürrüň berýän “Dowamat dowam”  atly sahna oýny görkezildi. Bu oýun ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň topary tarapyndan guraldy.

Şeýle-de türkmen wekiliýeti gadymy Konýa we Izmir şäherleriniň taryhy we beýleki ajaýyp ýerlerine, türkmen we türk halklarynyň köpasyrlyk taryhynyň hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň sahypalaryny özünde jemleýän ýadygärliklere baryp gördüler.

Dostluk konserti Medeniýet günleriniň  jemleýji çäresi boldy. Onda türkmen we türk sazandalary, aýdymçylary, döredijilik toparlary bilelikde çykyş etdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň