«Bagta barýan ýollar» atly täze film surata düşürildi

10:5004.12.2015
0
7540

3-nji dekabrda türkmen paýtagtyndaky “Aşgabat” kinokonsert merkezinde “Bagta barýan ýollar” atly täze çeper filmiň görkezilişi boldy. Bu kino eseri Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny tamamlap işe iberilen ýaş hünärmeniň durmuşynyň bir pursady barada gürrüň berýär. Ol ägirt uly möçberi hem-de taryhy ähmiýeti bolan desganyň, ýagny Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň gurluşygyna gatnaşýar.

Filmiň gahrymany Begenç döwrüň möhüm ähmiýetli wakasyna gatnaşýandygy üçin özüni bagtly hem-de örän buýsançly saýýar. Onuň zähmeti diňe bir üç sany dostlukly ýurdy baglanyşdyrýan täze ulag geçelgesine öwrülen däl, eýsem tutuş Ýewraziýa yklymynyň möhüm Demirgazyk — Günorta geçelgesini emele getiren  halkara demir ýoluň gurluşygyna ýardam berýär.

Şeýlelikde, Begenjiň hünärmen hökmündäki zähmet ýoly Türkmenistanyň häzirkizaman durmuşynyň taryhy wakalaryna utgaşýar. Tomaşaçylar filmiň gahrymanlarynyň durmuşynyň, olaryň gündelik zähmetiniň, adamlar bilen gepleşikleriniň hem-de alyp barýan işleriniň üsti bilen ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijelerine göz ýetirýär.

Filmiň esasy düzümi anyk wakalara daýanýar. Onda dokumental şekiller netijeli peýdalanylypdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň iş saparlarynyň birinde Gazagystan —Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyza Demir ýol ulaglary ministrliginiň baş inženeri Hanmämmet Ataýew hasabat berdi. Filmde tejribeli demirýolçy Mämmet aga ady bilen esasy keşpleriň birini ýerine ýetirdi. 

Çeper filme tomaşa edeniňde, ondaky surata düşürilen wakalar bu eserde anyk şekilleriň ulanylandygyny doly äşgär edýär.

 Bu eserde filmiň baş gahrymanynyň keşbiniň üsti bilen döwletimiziň ýaşlaryň bagtly durmuşy ugrunda edýän aladasyna hoşal bolan täze nesilleriň döreýändigi alamatlandyrylýar. Häzirki döwrüň ýaş nesilleri kuwwatly döwletimiziň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Filmiň gahrymanlary eseriň barşynda gurluşygyň haýsy künjeginde nähili hereket etmeli, demir ýoly haýsy ugur boýunça çekmeli, ýerasty suwlaryň ýakynlygy ýaly wakalara göz ýetirýärler. Şeýle ýagdaýda demir ýoly aýlaw usulynda çekmek ýaly ýönekeý ýörelgäni teklip edenler hem bolýar. Ýöne ýaş hünärmen Begenç şeýle teklipleri oňlamaýar.

Ol ýoly aýlap geçirmegiň ozal meýilnamalaşdyrylan görnüşinden gymmat düşjekdigini düşündirip bilýär. Şeýle hem ýoluň aýlawly gurulmagy otlynyň gatnaw tizliginiň peselmegini, şunlukda, wagtyň ýitmegini emele getirer. Iň esasy bolsa halkara ähmiýetli möhüm desganyň gurulýan möhletiniň uzaga çekmegi mümkin. Mälim bolşy ýaly, biziň döwletimiz ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde bu möhletleriň gürrüňsiz berjaý edilmegine ygrarly bolup durýar.

Häzirki döwürde täze eýýamyň ýaş hünärmenleri örän zähmetsöýer we bilimli hem-de oňyn teklipleri öňe sürmäge ukyply bolup durýarlar. Şeýle hünärmenleriň biri hasaplanýan Begenç ýöne oturmagy, wagtyny boş geçirmegi halamaýar. Ol halkara ähmiýetli möhüm desganyň öz wagtynda ulanmaga berilmegine mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar. Ol meseläniň oňyn çözgüdini gözleýär we ony işjeň öňe sürýär. Bu bolsa döwletimiz üçin hem, biziň her birimiz üçin hem bähbitli ýörelgedir. Bu filmiň gahrymany we onuň töweregini gurşap alan hünärmenler bu barada dil ýarmaýarlar. Diňe olar özleriniň netijeli zähmeti bilen eden işiniň dürsdügini subut edýärler.

Haçan-da ýangyn emele gelip, ol ýangyçly demir ýol çelegine howp salanda, gurluşykçylaryň ägirt uly zähmet siňdiren, döwletimiziň serişde gönükdiren demir ýolunda partlama emele gelip, onuň hatardan çykmak ähtimallygy ýüze çykýar. Şeýle hem filmde suratlandyrylýan bir pursatda güýçli ýagyş ýagyp, howdanlardaky suwuň derejesi köpelýär, bu bolsa suw saklaýan bentlere howp salýar. Şeýle ýagdaýda bu ýerde işleýän adamlar, gurluşyk üçin kynçylyk döremegi mümkin. Ýöne öz işine ussat hünärmenleriň yhlasy netijesinde çylşyrymly ýagdaýlaryň öňi alynýar.

Ýene-de bir pursat: çölde tupan turup, demirýolçular iş ýerlerinden dynç alyş ýerlerine barýarlar. Şonda ýaş işgärleriň biri iş ýerinde zerur çyzgynyň ýeke-täk nusgasyny galdyrypdyr. Şu pursatda filmiň gahrymany hiç hili oýlanmazdan, geljekki iş üçin zerur bolan resminamanyň gözlegine gidýär.

Şunuň ýaly pursatlarda häzirki zamanyň ýaş hünärmenleri özleriniň saglygyna howp salýan çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýagdaýdan baş alyp çykmaga howlugýarlar. Iň esasy zat bolsa, olar özleriniň bu hereketlerini gahrymançylyk hasaplaman, asylly hereketleri bilen döwletimize, mähriban Watanymyzyň halkyna bähbitli işe örän yhlasly ýapyşýarlar.

Filmde örän köp wakalar beýan edilýär, ýöne biz täze döwrüň ýaş hünärmenine mahsus wakalar barada gürrüň berdik. Olar Garaşsyz Türkmenistanyň wepaly perzentleridir. Olar “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda halkymyz üçin zerur şertleri üpjün edýän we yzygiderli alada bilen gurşap alýan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny mälim edýärler. Şeýle hem olar öz gezeginde öz halkyna, mähriban Watanymyza birkemsiz gulluk etmäge taýýardyklaryny aýdýarlar.

Täze filmiň gahrymanlary — olar dörediji ýaşlardyr. Hut şonuň üçin hem bu kino eseri durmuş hakykatyna has ýakyn edilip döredilipdir. Film Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň bilelikde “Bagta barýan ýollar” filminiň gahrymanlary ýaly müňlerçe adamlaryň zähmeti netijesinde gurlan, dostlukly ýurtlary baglanyşdyrýan halkara demir ýoluň açylyş dabarasyna gatnaşýan pursatlary bilen jemlenýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň