Änew şäherinde “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy

0
159
0
0

2-nji dekabrda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Ýokary döwrebap ülňülere laýyklykda gurlan çagalar şäherjigi körpeler we okuwçylar üçin ýatdan çykmajak açyşlar hem-de gyzykly oýunlaryň, jadyly ertekiler we beýleki güýmenjeler dünýäsi boýunça özüne çekiji syýahatlaryň mekanyna öwrüler. Täze desganyň çäginde oýun awtomatlary, magnitli maşynjyklar üçin pawilýonlar, uly açyk çagalar oýun meýdançasy, şadyýan attraksionlar we hiňňillikleriň onlarçasy ýerleşdirildi.  

Çagalar şäherjiginiň çäginde ýerleşdirilen 50 orunlyk tomusky kafe bu ýere gelýänleri çagyrýar. Bu ýerde miweli suwlaryň giň görnüşleri, süýji-köke önümlerini, oýnawaçlary, sowgatlyklary we beýleki harytlary satýan söwda pawilýony açyldy. Medeni-dynç alyş merkeziniň çäklerinde dynç almak üçin özboluşly telärler, dürli öwüşginli—sazly çüwdürimler hem öz mynasyp ornuny tapdy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru