Aşgabadyň Köşi obasynda ýaşaýyş jaýynyň we çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy

03:4103.12.2015
0
6890

2-nji dekabrda Aşgabadyň Köşi obasynda durmuş ähmiýetli desgalaryň ikisiniň—ýaşaýyş jaýynyň we çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy.   

Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 4 gatly 40 öýli ýaşaýyş jaýy täze jaý eýeleriniň maşgalalaryny baýramçylyk görnüşinde garşylady. 1—4 otagly öýleriň her birinde ýaşaýjylar üçin zerur bolan amatlyklaryň doly sanawy üpjün edildi. Jaý merkezleşdirilen sowadyş we ýyladyş ulgamy, döwrebap durmuş tehnikalary, mebeller bilen üpjün edildi. Jaýyň howlusynda çagalar oýun meýdançasy, awtoduralga, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin meýdança ýerleşdirildi. Täze jaýyň ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga bürelip, olarda agaç nahallary oturdyldy, gül aýmançalary ýerleşdirildi.

Bu ýerde 160 orunlyk çagalar bagynyň döwrebap binasynyň açylmagy Köşi obasynyň körpe ýaşaýjylary üçin baýramçylyk wakasyna we ajaýyp sowgada öwrüldi.

Täze çagalar bagynda körpeleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegini üpjün edýän şertler döredildi. Okuw okamak we çagalar döredijiligi üçin giň we ýagty otaglar göz öňünde tutuldy. Rahat ýatylýan otaglar bolsa döwrebap mebeller we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Mekdebe çenli edarada lingafon we kompýuter otaglary, aýdym-saz zaly hem göz öňünde tutulypdyr.

Täze çagalar bagynyň üstünlikli işlemegini energiýa, suw we ýylylyk üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamlary üpjün eder. Täze desgada lukmançylyk otagy, şeýle hem döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan aşhana we kir ýuwulýan bölüm ýerleşdirilipdir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň