Aşgabatda “Arçabil” seýilgäh toplumy ulanylmaga berildi

0
681
0
0

2-nji dekabrda Aşgabatdaky Konstitusiýa binasy bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň aralygyndaky meýdanda täze “Arçabil” seýilgäh toplumy  ulanylmaga berildi.

Meýdany 784 müň  inedördül metre barabar bolan ýeri eýeleýän seýilgäh  Aşgabadyň günortasynda emele gelýän dolandyryş-işewür we medeni merkeziň düzümine sazlaşykly goşulýar. Seýilgähiň taslamasy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Aşgabat abatlaýyş gurluşyk” önümçilik birleşiginiň “Ussat” aýrybaşga kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Döwrebap inženerçilik-tehniki çözgütlere we innowasion tehnologiýalara laýyklykda gurlan seýilgäh şäher bagçylyk-tebigat sungatynyň we bezeginiň hakyky nusgasy bolup durýar. Uzynlygy 1600 metr we  ini 490 metr bolan bu ägirt uly bagda gyrymsy agaçlaryň, we gülleriň köp sanly görnüşleri oturdylyp, olaryň ugrunda gezelenç ýodalary, oýun oýnamak üçin ýörite açyk meýdançalar hem-de oňaýly ak telärler guruldy.  

Bu ýerde pürli agaçlaryň 28 müňe golaýy hem-de saýaly baglaryň 14 müňüsi, gyrymsy agaçlaryň we gülleriň, şol sanda Italiýadan we Türkiýeden ýörite getirilen gülleriň 925 müňden gowragy oturdylypdyr.

Çeperçilik pikiriniň özboluşlylygyny, dizaýneriň we taslamaçylaryň ussatlygyny diňe guşuçar belentlikden görmek bolýar. Oýlanyşykly meýilleşdirilen seýilgäh baglarynyň, olaryň arasyndaky ýollaryň we meýdançalaryň görnüşi behişdi guşuň, balyklaryň we balykgulaklaryň keşbini  açyp görkezýär. Olaryň suratlary sazlaşykly gezekleşýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru