Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň Halkara howa menziliniň täze binalary açylyp, ulanylmaga berildi

03:3803.12.2015
0
3643

2-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň baş “howa derwezesi” bolmagyna gönükdirilip, Aşgabatda gurulýan täze Halkara howa menziliniň toplumyna girýän uçuş-gonuş zolagy hem-de howa hereketlerini dolandyryş desgasy we beýleki desgalar ulanmaga tabşyryldy.  

Ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda howa nawigasion, radiotehnika, yşyklandyryş-signalizasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan magistraly hem-de birleşdiriji öwrüm ýollary bolan emeli uçuş-gonuş zolagy bar. Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň hemme talaplaryna laýyk gelip,

3 müň 800 metr uzynlygy we 75 metr ini bolan bu uçuş-gonuş zolagy islendik howa şertlerinde howa ulaglarynyň ähli görnüşlerini kabul etmäge ukyplydyr.

Iň döwrebap howanawigasion enjamy goşmak bilen iň çylşyrymly elektron-tehniki “özeni” bolan, beýikligi 65 metrlik howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňi howa hereketlerini dolandyryş, gözegçilik ediş we synlaýyş ulgamynyň hem-de şonuň bilen birlikde howa menziliniň ajaýyp esasy binagärlik keşbini alamatlandyrýan “beýni merkezine” öwrüldi. Umumy meýdany 7 müň inedördül metr bolan binanyň 6 gatynda dolandyryş, tehniki we beýleki gulluklar ýerleşdirildi. Bu ýerde “Thales” bütin dünýä meşhur fransuz kompaniýasynyň enjamlary gurnaldy, işgärleriň işlemegi üçin has oňaýly şertler döredildi.    

Mundan başga-da, ýangyna garşy-halas ediş hem-de gorag gullugy üçin niýetlenen dört gatly diňi bolan iki gatly bina ulanmaga tabşyryldy. Olaryň ygtyýarynda “Zeigler” (Germaniýa) kompaniýasy tarapyndan öndürilen ýöriteleşdirilen ýangyn söndüriji ulaglaryň 5-si bar.

Häzirki wagtda taslamanyň çäklerinde geçirijilik ukyby ýylda 200 000 tonna ýüke barabar bolan ýük terminalynyň hem-de howa gämilerini azyk önümleri bilen üpjün ediji gulluk üçin niýetlenen binanyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Esasy ýolagçy we VIP terminaly, bir wagtyň özünde tehniki taýdan hyzmat etmäge hem-de howa gämileriniň 5-sini abatlamaga niýetlenen angary bolan tehniki merkez, lukmançylyk merkezi, uçarmanlar we uçaryň üstündäki beýleki işgärler üçin merkez, beýleki desgalar güýçli depginler bilen bina edilýär.

Dabara gatnaşyjylar täze desgalar bilen tanşyp, täze uçuş-gonuş zolagyna “Boing” howa gämisiniň uçup-gonşunyň şaýady boldular. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň