Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy

03:3403.12.2015
0
5960

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda Gökdepe etrabynyň Gökdere  obasynda gurulýan  600 baş atçylyk toplumynda we 114 hojalyk üçin ýaşaýyş jaýlary toplumynda alnyp barylýan işleriň depgini bilen ýakyndan tanyşdy. Türkiýäniň “Belda Inşaat Taahhüt ve Tiсaret Ltd. Şti.” gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy toplumyň çäginde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Atçylyk toplumynyň hojalyk bölüminde her birinde 60 at ýatagy bolan dört sany athana, her birinde taýçanaklar üçin 80 ýatagy bolan iki sany athana, şeýle hem her birinde taýçanaklar üçin 50 ýatagy bolan dört sany athana, mundan başga-da her birinde 20 sany at ýatagy bolan  höwür bedewlerine niýetlenen iki sany athana bar. Döwlet Baştutany olarda bedewler üçin oňaýly howa ýagdaýynyň üpjün edilmelidigini, athanalarda amatly salkynladyş we ýyladyş  şertleriniň  ýola goýulmalydygyny belledi. Bu ýerde bina edilýän athanalaryň gurluşygynda we onuň enjamlaşdyrylyşynda dünýäniň iň gowy tehnologiýalarynyň ulanylmalydygyny, tohumçylyk hojalygyny ýöretmäge ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň ulanylmalydygyny belläp, döwlet Baştutany gurulýan toplumyň uzakmöhletleýin geljegi nazarlamalydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti athanalar bilen tanyşlygyny tamamlap, topluma degişli desgalar babatda giňişleýin maglumat berýän taslamalar bilen tanyşdy. Tanyşdyrylan taslamalaryň hatarynda 600 baş atçylyk toplumynyň we 114 hojalyk üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumynyň umumy görnüşi, merkeziň edara binasynyň, auksion binanyň, okuw merkeziniň, toplumyň muzeýiniň, athanalaryň daşky we içki görnüşleriniň, dört we bäş otagly iki gatly iki öýli ýaşaýyş jaýlarynyň, orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň taslamalary  we çyzgylary bar. Şeýle hem toplumyň edara binasynyň öňünde we onuň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkelleriň, yşyklandyryş sütünleriniň, 600 baş atçylyk toplumynyň, atlar üçin niýetlenen ýerasty geçelgäniň maketleri görkezildi.  

Toplumyň  çägindäki dünýä ölçeglerine laýyk gelýän tohumçylyk-seçgi we ýörite barlaghana binasynda bedewleri keselden saplamak, hususan-da, bejeriş işlerini geçirmek çäreleri üçin niýetlenen otaglar, ýokary derejeli rentgen enjamlary we UZI otaglary bolar.

Atçylyk-tohumçylyk toplumy bilen ýaşaýyş jaý toplumynyň arasynda bölüji gök zolak dörediler. Şeýle hem toplumyň çäginde atlar üçin çapuw ýodalary enjamlaşdyrylýar.

Şeýle hem bu ýerde toplumyň işgärleri üçin amatly ýaşaýyş we dynç alyş şertleri döredilýär. Hususan-da, 114 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurlar. Toplumyň çäginde bir dükan bu ýeriň ilatynyň hyzmatynda bolar. Desgalaryň hemmesi ak mermer bilen örtüler. Bu  ýerde çagalar üçin oýun meýdançasy gurlar.

160 orunlyk täze çagalar bagy, ondaky  giň gimnastika we saz otaglary, oýun meýdançasy  körpeleriň ygtyýarynda bolar. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar.

Şeýle hem milletiň Liderine toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde we onuň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkelleriň görnüşleri görkezildi.

Döwlet Baştutany heýkeltaraşlaryň işleri bilen tanşyp, olaryň biriniň “Buýsanç daragty”, beýlekisiniň bolsa “Perzent buýsanjy” manylaryny aňladýandygyny aýdyp, toplumda bu heýkelleriň mynasyp ýerde oturdylmagyny maslahat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti baglary we gülleri ösdürip ýetişdirmek üçin gurulmagy meýilleşdirilýän ýyladyşhananyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, gurulmagy meýilleşdirilýän täze desga üçin umumy meýdany 10 gektara barabar bolan   ýer bölegi kesgitlendi. Ýyladyşhana  Aşgabat—Mary awtomobil ýolunyň 24-nji kilometliginden 7600 metr aralykda, Garagum derýasynyň demirgazyk tarapynda ýerleşer. Ýyladyşhanany Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň tokaý hojalygy müdirliginiň Ak bugdaý etrap tokaý hojalygynyň ýerinde  gurmak meýilleşdirilýär.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany tejribeli atçylar, seýisler we çapyksuwarlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy, olarda  zerur bolan ähli şertler göz öňünde tutular. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň