Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagynyň işgärlerine Gutlagyny iberdi

23:0002.12.2015
0
2248

Hormatly demirýolçular!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilkinji gezek uly dabara bilen bellenýän Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Häzirki döwürde halkymyzyň ruhubelentlik bilen çekýän zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz dünýäde iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriň birine öwrüldi. Demir ýol ulaglary pudagy hem barha kuwwatlanýan milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda döwletimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, täze demir ýol şahalaryny gurmak, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, kuwwatly teplowozlary, ýük we ýolagçy wagonlaryny satyn almak, ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin ägirt uly möçberde maýa goýum serişdeleri goýberildi. Pudagy ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, gysga wagtyň içinde iri halkara taslamalar amala aşyryldy, demir ýol menzilleri, depolar, stansiýalar we möhüm inženerçilik-gurluşyk desgalary gurlup, ulanmaga berildi. Bu bolsa ýurdumyzda ulag hyzmatlaryny täze hil derejesine çykarmaga ýardam edýär we goňşy döwletler bilen hoşniýetli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň ýol açýar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bellenýän bu baýram demir ýol ulaglary pudagynyň işgärlerine döwletimiziň bildirýän uly ynamynyň we hormatynyň nyşanydyr. Bu pudagyň işgärleriniň berkarar Watanymyzyň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, pudagy kämilleşdirmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanyp,

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde uly hyzmatlary bitirýändiklerini bu baýramçylyk gününde aýratyn bellemek isleýärin. Demirýolçularyň geljekde hem pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, täze demir ýollary gurmak, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, edilýän hyzmatlaryň hilini has-da gowulandyrmak ugrunda halal we tutanýerli zähmet çekip, bildirilýän uly ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn!

Hormatly demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleri!

Siziň zähmet çekýän pudagyňyz ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa siziň işiňiziň örän jogapkärlidigine hem-de hormatlydygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Döwletimiz we halkymyz siziň alyp barýan asylly işleriňize ýokary baha berýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça tutumly işler amala aşyryldy. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi we döwrebap üpjünçilik ulgamlary döredildi. «Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary pudagyny 2012—2016-njy ýyllar aralygynda ösdürmegiň Baş meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzy dünýäniň ösen demir ýol pudakly döwlete öwürdi.

Eziz Diýarymyzyň geografiki, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerleşmegi demir ýol ulaglary pudagynda iri möçberli taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle taslamalaryň biri hem bir ýyl mundan ozal ulanmaga berlen Gazagystan—Türkmenistan—Eýran halkara demir ýol geçelgesidir. Kyn tebigy we howa şertlerine garamazdan, merdana türkmen demirýolçularynyň tutanýerli we gaýduwsyz zähmeti netijesinde, bu möhüm taslama üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu bolsa öz milli hünärmenlerimiziň hem halkara ähmiýetli, iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmegi başarýandyklaryny aýdyň görkezdi.

Bu halkara demir ýolunyň gurulmagy bilen, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we beýleki birnäçe ýurtlaryň halklarynyň öňünde täze gözýetimler açyldy we Pars aýlagynyň portlaryna tarap gidýän ýükleriň dolanyşygyny artdyrmaga uly mümkinçilikler döredi. Şeýle hem ýurdumyzy Ýewraziýa sebitinde polat ýollaryň uly çatrygyna, sebitiň iri ulag-üstaşyr geçiriş merkezine öwürmek ugrunda uly ädim ädildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýene-de bir uly halkara taslama bolan Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy netijeli durmuşa geçirilýär. «Dostluk ýoly» adyna eýe bolan bu halkara polat ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygy häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Üç goňşy ýurduň çäginden geçjek bu ýol sebitiň döwletara hyzmatdaşlygyny, gadymy Ýüpek ýolunyň ugrundaky halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Hormatly demirýolçular!

Hormatly zähmetsöýer ulag işgärleri!

Sizi ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, demir ýol pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň