Türkmenistan “EKSPO — 2017-de” öz ekspozisiýasyny görkezer

22:5002.12.2015
0
1285

Ikitaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Rapil Joşybaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýörite türkmen paýtagtyna geldi.  Ol Astanada geçiriljek  “EKSPO—2017” sergisiniň komissary diýlip bellenildi.

Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy birnäçe ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2017-nji ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabryna çenli aralykda geçiriljek iri gözden geçirilişde ýurduň ýaýbaňlandyrylan ekspozisiýasyny görkezer.

“Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçiriljek sergi tutuş dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan möhüm meseleleriň biri bolan energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň hem-de “ýaşyl” tehnologiýalaryň peýdalanylyşyny şöhlelendirer. Häzir munuň ählumumy durnukly ösüş babatda Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigi gürrüňsizdir.

Öňde boljak Bütindünýä sergisine Türkmenistan tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak babatda gazanylanlar we geljekki mümkinçilikler hem-de olaryň ekologiýa arassalygy, ulanmakda bahasynyň pesligi we daşky gurşaw üçin howpsuzlygy ýaly artykmaçlyklary görkeziler. Şeýle hem energiýa tygşytlylyk, energiýa sazlaşyklyk hem-de energiýa ygtybarlylyk meselelerine garalar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň