Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Türkiýedäki medeniýet günleri dowam edýär

00:3602.12.2015
0
2649

Türkiýäniň Konýa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçýär. Döredijilik forumynyň çäklerinde bu gadymy şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna türkmen sungatynyň dürli ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreden çäreleriň birnäçesi guraldy.

Türkmenistanyň etnografiýa gymmatlyklary we Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň sungat eserleri, Şekillendiriş sungaty muzeýinden ussat suratkeşleriň işleri girýän, sergi Konýa şäheriniň iň gadymy merkezleriniň biri bolan Inje Minarada ýaýbaňlandyryldy. Ol 1264-nji ýylda binagär Abdullah Keluk tarapyndan guruldy. Muňa girelgedäki daşyň ýüzündäki ýazgy hem şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda bu ýerde agaç we daş ýonmak senedi boýunça muzeý ýerleşýär. Muzeýde taraşlanan agaçdan, daşdan we mermerden ýasalan gymmatlyklar bar, olar seljuk we garamanogly döwürlerine degişlidir. Muzeý gymmatlyklarynyň hatarynda Konýa galasynyň bölekleri, penjire we gapylaryň ötükleri, agaçdan ýasalan potoloklaryň nusgalary, aramgählere goýulýan mermeriň ýüzündäki ýazgylar we beýleki gyzykly taryhy tapyndylar bar. Ýonmak işinde täsin usullar, geometriki we tebigy äheňler peýdalanylypdyr

Biziň günlerimize çenli oňat ýagdaýda saklanyp galan gadymy medresede Türkmenistanyň sergisi ýerleşdirildi, sergi türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we özboluşly däp-dessurlary hakynda gürrüň berýär, olar milli lybaslaryň, ýaşaýyş-durmuş esbaplarynyň, şeýle hem inçe zergärlik işleriniň, saz gurallarynyň we beýlekileriň üsti bilen beýan edilýär. Bu gymmatlyklar türkmenleriň özboluşly milli medeniýetiniň ösüşiniň maddy subutnamalary bolmak bilen, olar asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan hem-de halkymyzyň kalbynyň tämizligini we çuňňur mährini, baý ruhy ýörelgelerini açyp görkezýär.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinden getirilen  gymmatlyklar türkmen şekillendiriş sungatynyň ajaýyp ussatlarynyň we häzirki döwüriň zehinli suratkeşleriniň, şol sanda ýaş suratkeşleriň eserleriniň otuzdan gowragyny öz içine alýar. Türkmenleriň taryhy şahslary hem-de biziň döwürdeşlerimiziň we ajaýyp türkmen zenanlarynyň portretleri, geçen zamanlaryň binagärlik ýadygärlikleri, özboluşly tebigat görnüşleri we natýurmortlar, milli buýsanjymyz –ahalteke bedewleri we türkmen halylary, şeýle hem häzirki zaman täze binalar we beýlekiler bu ýerde görkezilýän işlerde şekillendirilipdir.

Dowamatlylyk, dünýä medeniýetini maddy we ruhy gymmatlyklar bilen baýlaşdyran türkmen halkynyň geçen taryhy ýolunyň belentligi Konýa şäheriniň Döwlet teatrynda görkezilen “Dowamat dowam” sahna oýnunda öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň bu sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi 2011-nji ýylda boldy, emma ol tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretmegini dowam edýär.Sahna oýnunda dürli nesilleriň artistleri çykyş edip, sahna sungatynyň dili bilen tomaşaçylara türkmen halkynyň gahrymançylykly taryhy, onuň gaýduwsyz ogullary hakynda gürrüň berýärler, olaryň Garaşsyz bitewi döwlet hakyndaky arzuwlary Berkarar döwletimizi bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy.

“Dowamat dowam” sahna eseri gadymy türkmen edebiýatynyň täsin eseri – “Oguznamanyň” rowaýatlarynyň esasynda goýuldy, ol türkmenleriň nesilbaşysy Oguzhana bagyşlanýar. Sahna eserinde taryhyň akymynyň we türkmenleriň gahrymançylykly geçmişiniň häzirki döwür bilen üznüksizligini beýan edýär. Onda, şeýle hem türkmenleriň wepadar dosty ajaýyp ahalteke bedewleri, türkmen halyçylyk sungatynyň döreýşi we beýlekiler barada aýdyň wakalaryň üsti bilen gürrüň berilýär.

Forumyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti gadymy Konýa şäheriniň ajaýyp künjekleri bilen tanyşlygyny dowam edip, Gündogaryň meşhur şahyry we akyldary Jelaleddin Rumynyň Möwlana Muzeýine baryp gördüler, Bu binagärlik ýadygärligi ýedi asyryň dowamynda döredilipdir.

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Izmir şäherine ugrar, ol ýerde hem muzeý gymmatlyklary görkeziler hem-de bu gadymy şäheriň sungat muşdaklaryna “Dowamat dowam” sahna oýny hödürleniler, iki ýurduň sungat ussatlarynyň jemleýji dostluk konserti bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň