Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" ýeňişli ýoluny dowam etdirýär

00:1702.12.2015
0
1451

1-nji dekabrda Türkmenistanyň futbol boýunça 23-nji Milli çempionatynyň Ýokary ligasynyň möhleti süýşürilen duşuşygy geçirildi. Onda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Hazyna» futbol topary Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» toparyny kabul etdi.

Soňky tapgyrlardaky şowly çykyşlary bilen HTTU-ny yzda galdyran we «Merwiň» yzyndan ýetmäge ýakynlaşan «ykdysadyýetçiler» ätiýaçdaky duşuşyklarynyň netijesinde maksadyna ýetip biler. Ýöne maksada amala aşyrmak başga bir duşuşyga galdy. Çünki Ýokary ligada «aragatnaşykçylardan» utuk almak ýeňil däl.

Şeýle-de bolsa «Hazyna» duşuşygyň birinji ýarymynda güýçli garşydaşy bilen deňeçer oýny orta goýup bildi. Ýöne ikinji ýarymda has tijenen myhmanlar 55-nji minutda Selim Nurmyradowyň dürs urgusy bilen öňe saýlandy. Süleýman Muhadowyň 76-njy minutdaky golundan soň hasap myhmanlaryň peýdasyna 0:2-ä çykdy. Ýöne şondan 6 minut soňra Gurbanguly Aşyrow tapawutlanyp, arany ýygyrdy. Hasaby deňlemek bolsa ýer eýelerine başartmady.

Şeýlelikde, «Altyn asyr» Ýokary liganyň 23-nji möwsümindäki 83-nji utugyny gazandy. Topar bu ýeňişden soň, ýaryş tertibindäki iň ýakyn garşydaşy bolan «Balkandan» 22 utuk öňe saýlandy. «Hazyna» bolsa 40 utuk bilen ýaryş tertibiniň 7-nji basgançagynda galýar. Eger galan 5 duşuşykda utuk ýitirmese, toparyň Ýokary ligadaky ilkinji möwsümini 6-njy orunda tamamlamaga mümkinçiligi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň