Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

23:3801.12.2015
0
3039

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary özleriniň ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň 11 aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanyna ýurduň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmäge gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleri amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow serhet galalarynyň täze binalaryny gurmak we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, ýaş serhetçileriň  söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipeleriň çäklerinde ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministr G.Hojaberdiýew döwrüň möhüm wezipelerini çözmegiň gaýragoýulmasyz şerti hökmünde milli howpsuzlygy üpjün etmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurduň awtoulag ýollarynda ýol-hereket hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik edýän prokuratura edaralary tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri prokuratura işgärleriniň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň örän uludygy barada aýdyp, mundan beýläk-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda täze taryhy eýýamyň talaplaryny nazara almak bilen, kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen köpugurly işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň hem-de ulanylmagynyň öňüni almak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy D.Baýramow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gümrük edaralarynyň we barlag-geçiriş bölümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça ozal berlen  tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruny— halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugruny durmuşa geçirmek babatda bu gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow döwlet Baştutanymyzyň milli kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de döwrüň esasy wezipelerine laýyk getirmek babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça  geçirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary jemläp, döwlet ösüşi boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde möhüm orun eýeleýän esasy ugurlara ünsi çekdi. Döwlet Baştutany harby hem-de hukuk goraýjy düzümleriň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns bermegi talap etdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki möhüm meseleleriň hem birnäçesine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň