Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

16:0601.12.2015
0
2536

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýan Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Tikahito Haradany kabul etdi.  

Jenap Tikahito Harada pursatdan peýdalanyp türkmen Liderine  şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan sapary  mahaly bildirilen myhmansöýerlik hem-de göwnaçyklyk üçin hoşallyk bildirýän Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň  mähirli sözlerini, şeýle hem ýakynlaşyp gelýän şanly sene—Türkmenistanyň  hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli  iberen gutlagyny ýetirdi.

Döwlet Baştutany soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, jenap Tikahito Harada Türkmenistanda netijeli işländigi hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlygyň hem-de dostlugyň esaslaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň