Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

13:1301.12.2015
0
3817

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işleriň barşy, şeýle hem şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow welaýatda oba holalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berip, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly çäreler barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, häkim welaýatyň Kaka etrabynda 300 orunlyk “Ýaşyl ýaýla”çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň, Ak bugdaý etrabynda bolsa “Buýsanç” çagalar dünýäsiniň  gurlup ulanmaga berilmäge taýýar edilendigini, ýakyn günlerde olaryň açylyş dabarasynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, welaýatyň çäklerinde bu baýramçylyga, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew welaýatyň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi we welaýatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler barada habar berdi. 

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş maksatly desgalarynyň talaba laýyk ýyladylyşyna, bag ekmek boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow welaýatyň etraplarynda şaly oragynyň, şeýle hem köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek işleriniň barşy  hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutany welaýatda şaly oragynyň depginleriniň pesdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi hem-de işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy häkimden berk talap etdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işlerini barada hasabat berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere ideg etmek işleriniň barşy, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi boýunça döwlet Baştutanynyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we onuň ähli künjeklerinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanynyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, paýtagtymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegi, ýerlerde ähli işleriň takyk guralmagyny üpjün etmegi talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň