Türkmen türgenleri pauerlifting boýunça halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldular

0
479
1
0

Türkmenistanyň ýygyndy topary  pauerlifting boýunça (agyrlygy arkan ýatan ýeriňden götermek) mümkinçiligi çäkli adamlaryň arasynda Ýewropanyň açyk çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Bu ýaryş Wengriýanyň Eger şäherinde geçirildi. Biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde Daşoguzly türgen Roza Mätýakubowa tapawutlandy.

Ýaryşa dünýäniň 44 ýurdundan 230-a golaý türgen gatnaşdy. Ýewropanyň açyk çempionaty geljek ýyl Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek bütindünýä  paralimpiýa oýunlaryndan  öňinçä geçirilmeli iň soňky iri halkara ýaryşydyr. Ýaryşa gatnaşan ýygyndy toparlar üçin bu bäsleşikler diňe sport babatda däl-de, eýsem, ýaryşa gatnaşyjylaryň ruhy we beden taplygy, berdaşlylygy we gujurlylygy babatda hem  jogapkärli synag boldy.  Türkmenistanyň ýygyndysy  bu toparlaýyn bäsleşikde oňat netije görkezdi.

Roza Mätýakubowa 41 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala eýe boldy. Ol özüniň ilkinji synagynda 70 kilogram agyrlygyň hötdesinden gelmegi başardy. Bu bolsa onuň Russiýadan, Polşadan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan gelen sportuň bu görnüşi boýunça örän güýçli türgenleriň ençemesini yza galdyryp, baýrakly orny eýelemegini üpjün etdi.

Toparymyzyň düzüminde Maýagözel Ekäýewa hem oňat netije görkezdi. Ol 73 kilograma çenli agram derejesinde 100 kilogram agramy göterip,  dördünji  orna mynasyp boldy.

Balkan welaýatyndan bolan pauerliftingçi ussat Baýram Saparow çempionatyň iň güýçli on türgeniniň hataryna goşulmagy başardy. Ol 97 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 175 kilogram netije görkezdi hem-de dokuzynjy orny eýelemegi başardy.

Indi pauerlifting boýunça milli ýygyndymyzyň erkekler we zenanlar düzümi bütindünýä paralimpiýa oýunlaryna güýçli taýýarlyk görýärler. Bu jogapkärli ýaryşyň başlamagyna bir ýyla golaý wagt galdy.      

Biziň ýygyndy toparymyzyň pauerlifting boýunça Ýewropa çempionatynda gazanan oňat netijeleri Türkmenistanda sport bilen diňe sagdyn adamlaryň däl-de, eýsem,  jemgyýetiň doly derejeli agzalary bolup durýan beden taýdan mümkinçilikleri çäkli  adamlaryň hem meşgullanýandygyny aýdyň görkezdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru