Aşgabatda pagta önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasy hem-de halkara maslahaty geçirildi

0
190
0
14

Iki günüň dowamynda — 28-29-njy noýabrda Aşgabadyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahaty  geçirildi. Forumy “Türkmenpagta” döwlet konserni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasy  hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar.

Serginiň işine Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň, esasan-da, pagtaçylyk pudagynyň edara-kärhanalarynyň bölümleri hem-de Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Bangladeşden, Türkiýeden, Germaniýadan, Italiýadan, Hindistandan, Latwiýadan, Moldowadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan we beýleki döwletlerden daşary ýurt kompaniýalarynyň we guramalarynyň 80-sine wekilçilik edýän dünýäniň 27 ýurdundan hyzmatdaşlar gatnaşdylar.  

Baý mazmunly ekspozisiýalar we özboluşly bezelen diwarlyklar ýurdumyzyň edara-kärhanalary—dokma, pagtany gaýtadan işleýän senagat, söwda, hojalyk jemgyýetleri, telekeçiler tarapyndan görkezildi. Sergä gatnaşanlaryň hatarynda “Türkmenpagta” Döwlet konserni, “Ak altyn” satyn alyş kärhanasy, Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasy, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi, gymmatly çig maly gaýtadan işleýän hem-de pagtadan önüm öndürýän kärhanalar bar.         

Daşary ýurtly gatnaşýanlaryň arasynda diňe bir oba senagatynda däl, himiýa, maşyngurluşyk, metallurgiýa senagatynda işleýän kompaniýalar we kärhanalar, obasenagat toplumyny tehniki, çig mal taýdan üpjün etmekde hyzmatdaşlyk alyp barýanlar bar. Arasynda Türkmenistanyň köpden bäri hyzmatdaşlary bolan «Maschio Gaspardo» (Italiýa), «Project Trading Limited» (Turkiýe), «Claas» (Germaniýa), «Central Cotton Comp. LTD» (ABŞ), «ICT Cotton Limited" (Italiýa),  «Premier Cotton Spinning» (Bangladeş), «Lemken» (Germaniýa), «Valley» (ABŞ), «Ruchim S.R.L» (Moldowa), "Bayer" (Germaniýa) we beýleki kompaniýalar önümleriniň giň görnüşlerini görkezdiler.

Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda ýörite ugurly pudak edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de obasenagat pudagynyň kompaniýalarynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de geljegi uly hyzmatdaşlarynyň, oba hojalyk maşyngurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleriniň, oba hojalykçy alymlaryň hem-de pudagyň esasy bilermenleriniň gatnaşmagynda  “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty geçirildi.   

Maslahat iki bölümçede dowam etdi. Olar  S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetinde hem-de oba hojalyk toplumyň binasynyň maslahatlar zalynda guraldy.

Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy hem-de  ”Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahata gatnaşyjylara halkara nusgaly diplomlar gowşuryldy.

Pudaklaýyn forumyň işi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru