Türkmenistanda dekabr aýynda iri jemgyýetçilik dabaralarynyň birnäçesi geçiriler

0
268
2
17

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna dekabr aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berildi, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy we Täze ýyl mynasybetli geçiriljek dabaralar dekabr aýyndaky wakalaryň esasylary bolar.

12-nji dekabrda — Bitaraplyk gününde Aşgabatda ýokary derejeli maslahat geçiriler, sungat ussatlarynyň döwlet konserti bolar, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri guralar, paýtagtymyzda bolsa dabaralar feýerwerkler bilen tamamlanar.

Dekabr aýy Türkmenistanyň durmuşynda uly ähmiýetli wakalara baý bolar. 23-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň alawlaryny ýakmak dabarasy bilen Täze ýyl çärelerine badalga berler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru