Türkmenistanda Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni ilkinji gezek belleniler

0
174
0
59

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow döwlet Baştutanyna gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurtda 3-nji dekabrda belleniljek Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp guraljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Geçen ýylyň hut şu gününde Gazagystan—Türkmenistan—Eýran halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Permana gol çekdi, bu çözgüt türkmen demirýolçulary tarapyndan uly joşgun bilen kabul edildi we olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna 3-nji dekabrda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy hödürlenildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru