Arhiw

Aşgabatda geçirilýän halkara sergä 27 döwletden 80 töweregi kompaniýa gatnaşýar

16:4728.11.2015
0
1161

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şu günler güýzlük ak ekinlere göwnejaý ideg edilýär — ösüş suwy tutulýar, ekin meýdanlarynda haşal otlara garşy degişli çäreler geçirilýär we mineral dökünler bilen gurplandyrylýar. Şunuň bilen birlikde, meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Hasabatyň çäklerinde 28—29-njy noýabrda Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Foruma dünýäniň 27 ýurdundan 80 kompaniýanyň wekilleri gatnaşar.

Wise-premýer ýurdumyzda her ýyl noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk barada aýdyp, paýtagtymyzda guraljak dabaralaryň çäklerinde Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň geçiriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekin meýdanlarynda sürüm işlerini netijeli geçirmäge, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmaga degişli işler barada birnäçe görkezmeler berip, şunda daşky gurşawy goramak meselelerine hem ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasynyň hem-de oňa gabatlanyp geçiriljek maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatynda bu ulgamda ýurdumyzyň gazananlaryny görkezmegiň möhümdigine ünsi çekip, forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Milletiň Lideri Hasyl toýuny geçirmek barada aýtmak bilen, däp boýunça paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän ählihalk baýramyna göwnejaý taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň