Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde hytaý hem-de ýapon dilleriniň öwredilişiniň gerimi giňeýär

03:4628.11.2015
0
9039

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet Baştutanyna gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň orta we ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamasyna ýapon hem-de hytaý dilleri boýunça dersleri girizmäge taýýarlyk görmek barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.

Hususan-da, 2016—2017-nji okuw ýyllarynda Aşgabadyň alty, Balkan welaýatynyň bäş, Lebap welaýatynyň üç, Ahal, Daşoguz hem-de Mary welaýatlarynyň her birinde iki umumybilim berýän mekdeplerde, şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde hytaý we ýapon dillerini öwrenmek boýunça dersleri girizmek meýilleşdirilýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary hytaý dilini öwrenmäge girişdiler. Indiki okuw ýylyndan başlap, dünýä ykdysadyýeti, dünýä maliýe bazary, halkara maglumat işewürligi ýaly hünärler boýunça bilim alýan talyplaryň okuw meýilnamalaryna hytaý we ýapon dilleri boýunça dersleri girizmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda hytaý we ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nazara almak bilen, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dil boýunça täze dersler giriziler. Hususan-da, nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy, daş-töweregi goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak, nebitgaz geçirijilerini hem-de nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak hünärlerine hytaý hem-de ýapon dillerini öwretmek boýunça okuwlar giriziler. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Dil” diller merkezinde Halkara nebit we gaz uniwersitetinden iki topar ýapon we hytaý dillerini öwrenip başlar.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda şu okuw ýylynda täze açylan gämi gurluşygy hünäri boýunça bilim alýan talyplara ýapon dilinden goşmaça okuw dersleri geçilip başlandy. Geljekde ýapon dilini suw we howa ulagynyň ulanylyşy boýunça hünärleriň okuw meýilnamalaryna girizmek göz öňünde tutulýar. Geljek okuw ýylyndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty ugry boýunça bilim alýan talyplara ikinji daşary ýurt dili hökmünde ýapon dilini öwretmek meýilleşdirilýär. şu maksat bilen Tokionyň halkara uniwersiteti bilen ýygjam hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. şunda degişli şertnama baglaşyldy we anyk meseleler boýunça gepleşikler geçirildi.

Ýapon we hytaý dilleri boýunça dersleri mugallymlar düzümi bilen üpjün etmek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde degişli ugurlar boýunça kabul edilýän talyplaryň mukdaryny artdyrmak meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýokary okuw mekdebinde hem-de D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hytaý dili we edebiýaty bölümi açyldy. Onuň uçurymlary häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öz ugurlary boýunça netijeli işleýärler.

Mekdepler hem-de ýokary okuw mekdepleri üçin täze dil dersleri boýunça okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, gollanmalary we sözlükleri taýýarlamak bilen bir hatarda, ýapon hem-de hytaý dillerini öwrenmek boýunça gysga möhletli kurslary, şeýle hem ýaş mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyrýan kurslary açmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň