Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäherinde TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

10:4027.11.2015
0
3275

26-njy noýabrda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde “Mary — 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly ýylyň jemleýji çäreleri badalga aldy. Olar türki döwletleriň medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) agza ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi bilen açyldy.

Forumyň açylyş dabarasynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow, bu halkara gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary hem-de synçylary çykyş etdiler.

Dabara gatnaşyjylar doganlyk türki halklaryň medeni däplerini we sungatyny aýawly saklamak we ösdürmek, olary dünýä ýaýmak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş etdiler.

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň  mejlisiniň gün tertibi hasabat  döwrüniň netijelerini jemlemegi, şeýle hem guramanyň 2016-njy ýyl üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmagy öz içine aldy.

2015-nji ýylda TÜRKSOÝ-yň geçiren işleri barada hasabat bermek bilen, onuň ýolbaşçysy geljekki mümkinçilikleri kesgitleýän ugurlara we çärelere ünsi jemledi. Şunuň bilen baglylykda, türki dünýäniň sungatynyň dürli görnüşlerini aýawly saklamaga we wagyz etmäge ýardam edýän halkara taslamalaryň, türki dilli döwletleriň görnükli işgärleriniň ýadygärliklerini ebedileşdirmek işleriniň, şeýle hem döredijilik bäsleşikleriniň ähmiýeti bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň XXXIII mejlisiniň Jarnamasyna we Iş teswirnamasyna gol çekdiler. Gurama agza ýurtlardan we sebitlerden gelip gowşan teklipleriň esasynda 2016-njy ýyl üçin işleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň