Koreýada we BAE-de çap edilen žurnallar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy

10:3227.11.2015
0
1677

Daşary ýurtlarda çap edilýän dürli neşirleriň makalalary şanly senä—halkara derejede bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň  20 ýyllygyna hem-de ýurdumyzda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine gabatlanylýar. 

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde taýýarlanylan hem-de iňlis dilinde neşir edilen “Global Briefings” žurnalynyň ýörite sany türkmen Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlandy. Žurnalyň birnäçe mowzuklaýyn bölümlerinde häzirki zaman geosyýasaty üçin türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetini we filosofiki many-mazmunyny açyp görkezýän makalalar ýerleşdirildi. Olarda däp bolan dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi,  türkmen halkynyň baý medeni we özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berilýär.

Göwnejaý bezelen žurnal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça sammitinde eden çykyşy bilen açylýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideri bütindünýä forumyň belent münberinden çykyş edip, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen  oňyn başlangyçlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçihanasynyň hem-de “Al Fajr” gazetiniň redaksiýasynyň hyzmatdaşlygynda taýýarlanan hem-de arap dilinde neşir edilen “Parahatçylyk, ösüş we Bitarap Türkmenistan” atly žurnalyň ýörite sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda täze taryhy eýýamda Türkmenistanda ösüşine, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli içeri we daşary syýasatyna, şeýle hem ýurdumyzyň we BAE-niň arasyndaky gatnaşyklara bagyşlanan makalalar çap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň