Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanda Germaniýanyň ykdysadyýetiniň güni geçirildi

09:5327.11.2015
0
3172

26-njy noýabrda Aşgabadyň “Mizan” täjirçilik merkezinde işewürler maslahaty — Türkmenistanda Germaniýanyň ykdysadyýetiniň güni  geçirildi. Aşgabatda 5-nji gezek geçirilýän çäräni ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy hem-de Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy guraldy. Duşuşyga iki döwletiň ministrlikleriniň, pudak hem-de bank edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, iri nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Forumyň esasy meselesi açylýan mümkinçilikler babatda  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze gurallaryny işläp taýýarlamakdan hem-de iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat boldy.  

Wekiliýetiň uly düzümi hem GFR-niň kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasydyr. Onuň düzümine Ykdysadyýet we tehnologiýalar federal ministrliginiň, halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň,  Söwda we maýa goýumlar boýunça German jemgyýetiniň,  Germaniýanyň oba hojalygynda taslamalary dolandyrmak jemgyýetiniň, Germaniýanyň akademiki alyş-çalyşlar gullugynyň, «Deutsche Bank AG», «Commerzbank AG», «International Trade Consult GmbH», «Anna Niederländer Handelsvertretung», «Cifal Groupe Deutschland GmbH», «Investment &Trading Services AG», «Hans Lingl Anlagenbau und Verfahrenstechnik GmbH& Co.KG», «Bray Armaturen Antriebe», «Edison Technologies KG», «Heidelberg Cement AG», «Krah GmbH», «Grespania SA, «Lebo GmbH», «Draeger AG&Co.KG», «Fresenius Medical Care», «Procter&Gamble» kompaniýalarynyň wekilleri we köp sanly beýlekiler girdi.

Foruma gatnaşyjylar ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda dünýädäki maliýe-ykdysady çökgünligine garamazdan, iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygynyň durnuklylygynyň göze ilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Häzir türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň 160-dan gowragynyň ýerine ýetirilmegi hem-de durmuşa geçirmegiň tapgyrynda durandygy üstünlikli ösdürilýän türkmen-german aragatnaşyklaryna şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, ýurduň çäklerinde nemes maýasynyň gatnaşmagynda hojalyk edaralarynyň 60-dan gowragynyň bölümleri hem-de wekilhanalary işleýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň