Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» — Türkmenistanyň çempiony

13:4226.11.2015
0
4060

Türkmenistanyň futbol boýunça Milli çempionatynyň Ýokary ligasynyň 34-nji tapgyrynda ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» topary özüniň taryhyndaky ikinji çempionlygyny yglan etdi. Şu tapgyra iň ýakyn garşydaşy bolan «Balkandan» 17 utuk öňde gelen «aragatnaşykçylar» tapgyrda paýtagtymyzyň adybir toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, nobatdaky çempionlygyna gowuşdylar. Toparyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi bolsa aýry-aýry-toparlarda bassyr üç ýyl Türkmenistanyň çempiony bolan az sanly tälimçileriň hataryna goşuldy. Bir toparyň çempionatydaky duşuşyklarynyň tamamlanmagyna 6 tapgyr galanda çempion bolmagy bolsa, türkmen futbolynyň tarayhynda örän seýrek ýagdaýdyr we uly üstünlikdir.

34-nji tapgyryň duşuşygyna çempionlyk höwesi bilen çykan hem bolsa, «Altyn asyra» arzyly birinjiligige hut şu tapgyrda gowuşmak ýeňil düşmedi. Möwsümde özara geçiren ähli duşuşyklarynda bolşy ýaly, «Aşgabat» Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerini gowuja derletdi. Hatda duşuşyk 84-nji minuda çenli 0:1 hasabynda «Aşgabadyň» artykmaçlygy bilen geçdi. Ahyrsoňy 84-nji minutda Didar Hajyýew tapawutlanyp, «aragatnaşykçylary» umytlandyrdy. Ýeňiş goly bolsa ýene-de şol futbolçydan 89-njy minutda geldi. «Altyn asyryň» Ýokary ligada garşydaş derwezelere geçiren 400-nji pökgüsi hökmünde hasaba alnan bu dürs urgy «aragatnaşykçylara» arzyly ýeňşi getirdi. Duşuşykda «Aşgabat» futbol toparynyň ýeke-täk pökgüsini geçen ýyl «Altyn asyryň» düzüminde çempion bolan tejribeli hüjümçi Berdi Şamyradow geçirdi.

Günüň beýleki bir duşuşygynda «Şagadam» Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyplar toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. 14-nji minutda Yhlas Magtymow ýer eýelerini öňe çykardy. Birinji ýarymyň goşmaça minutlarynda HTTU-nyň goragçysy Hemaýat Kömekowyň öz derwezesine ýalňyşlyk bilen geçiren pökgüsi ýer eýeleriniň 2:0 hasabynda öňe saýlanmagyna getirdi. 51-nji minutda Gahrymanberdi Çoňkaýew hasaby 3:0-a çykardy. HTTU bu üç pökgä diňe Muhammet Astanowyň 78-nji minutdaky ýekeje dürs urgusy bilen jogap berip bildi.

Türkmenistanyň Ýokary ligasy — 2015: 34-nji tapgyryň duşuşyklary

25.11.2015 ý.

«Altyn asyr» 2:1 «Aşgabat»

Gollar:

0:1, Berdi Şamyradow 16’

1:1, Didar Hajyýew 84’

2:1, Didar Hajyýew 89’

«Şagadam» 3:1 HTTU

Gollar:

1:0, Yhlas Magtymow 14’

2:0, Hemaýat Kömekow 45+2’ (öz derwezesine)

3:0, Gahrymanberdi Çoňkaýew 51’

3:1, Muhammet Astanow 78’.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň