Kuala-Lumpur şäherinde türkmen-malaýziýa işewürler maslahaty geçirildi

0
511
0
0

25-nji noýabrda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Matrade” Sergiler we maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň döwlet we işewürlik toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi, ol iki dowtlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli pudaklaryň wekilleri girizildi.

Işewürler maslahatynyň barşynda Malaýziýa tarapyna   bu ýurduň Milli söwda-senagat edarasy we “Jumah Enerji Ventures Sdh Bhd”, “Petronas”, “Premium vegetable oils Sdh Bhd”, “Seri Makaýa Traver ýaly iri senagat kompaniýalary wekilçilik etdiler, duşuşykda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysadyýetleriniň häzirki ýagdaýyna we ileri  tutulýan ösüş ugurlaryna syn berildi, şeýle hem pudaklar boýunça işewürlik duşuşyklary geçirilip, olarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylara görkezilen wideofilm işewürler üçin Türkmenistanda döredilen amatly şertlere bagyşlandy.

Ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň mysaly hökmünde iri “Petronas Sharigali” iri malaýziýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk mysal getirildi, bu kompaniýa Hazar deňziniň ýalpaklygynda bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýar, şeýle hem Petronas tehnologiýa uniwersitetinde degişli hünärler boýunça türkmen hünärmenlerini taýýarlamaga ýardam berýär.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin köp sanly ugurlar bar, olarda taraplaryň tagallalaryny birleşdirmekleri anyk we uly netijeleri berip biler. Döwlet düzümleriniň we kärhanalarynyň arasynda önümçilik ulgamynda göni gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler açylýar. Bular energetika, aragatnaşyk, ulag we gaýtadan işleýän senagat ýaly ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryna, şeýle hem oba hojalyk önümlerini hem-de azyk pudagyny gaýtadan işlemek ulgamyna maýa goýumlaryny goýbermekdir.

Bank ulgamy we şähergurluşyk işi möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Syýahatçylyk pudagynda hem netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar. Bu ulgamda biziň ýurdumyz Malaýziýanyň degişli düzümleri döretmek boýunça tejribesine uly gyzyklanma bildirýär, hususan-da,   malaýziýaly hyzmatdaşlaryň mümkinçilikleri Hazaryň kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň gurluşygynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça peýdalanyp biliner.

2015-nji ýylda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda göni howa gatnawynyň açylmagy diňe bir söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynda däl-de, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde hem möhüm ädim boldy. Syýahatçylyk ulgamynyň birnäçe ugurlary boýunça türkmen-malaýziýa gatnaşyklary işjeňleşdirildi. Düzüminde iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary bolan türkmen wekiliýeti şu ýylyň birinji çärýeginde Malaýziýanyň syýahatçylyk işewürlik merkezinde geçirilen işewürler maslahatyna gatnaşdy, onuň barşynda bu pudak özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýollary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gezekki işewürler maslahatynda iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygyny ösdürmek, bäsdeşlige ýokary ukyplylygy bilen tapawutlanýan eksporta ugrukdyrylan dürli türkmen önümlerini Malaýziýanyň bazarynda ýerlemek üçin degerli şertleri döretmek   meselelerine aýratyn üns berildi. Malaýziýaly kärdeşlere ýokary hilli we ekologiýa taýdan howpsuz harytlar, türkmen hususy kärhanalarynyň önümleriniň nusgalary görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, şu gezekki duşuşyk ägirt uly ykdysady mümkinçilige eýe bolan iki dostlukly ýurduň arasynda oňyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru