Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi geçirildi

00:4426.11.2015
0
2909

25-nji noýabrda  Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi.

Iki tarapyň bilelikdäki toparlarynyň başlyklary duşuşygy açyp, soňky wagtda Türkmenistan bilen Belarusuň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň işjeňleşýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Mejlisiň gün tertibine ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça  türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Olaryň hatarynda ýangyç-energetika we söwda-ykdysady pudaklary, häzirki zaman gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygy, ylmy ugurly pudaklar, Belarusdan iberilýän ýöriteleşdirilen enjamlar, awtomobil ulaglar hem-de oba hojalyk tehnikasy, ýeňil we dokma senagaty hem-de beýleki möhüm ugurlar görkezildi, bu ugurlarda hyzmatdaşlyk iki tarapyň hem gyzyklanmasyna eýe bolýar. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzüminde Belarus Respublikasynyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryndan başga-da, iri kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri bar.

Gepleşikleriň çäklerinde dürli derejelerde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy hem-de olary tizden-tiz durmuşa geçirmegiň anyk ädimleri barada pikir alyşmalar boldy. Pikir alyşmalaryň barşynda, kuwwatly serişdeler binýadyna, ösen düzüme eýe bolan iki ýurduň mümkinçiliklerini peýdalanmak hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalar täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri döredýär.

Mejlise gatnaşyjylar ara alnyp maslahatlaşylan we kesgitlenilen çäreleriň ählisiniň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, medeni-ynsanperwer ulgamda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, şol sanda bilim ulgamy boýunça we Türkmenistan üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işine, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport ulgamyna täsir etjekdigine ynam bildirdiler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň  mejlisiniň jemleri boýunça teswirnama kabul edildi.

Işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň käbir ministrliklerinde we pudak edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklar göz öňünde tutulýar, olarda anyk ugurlar boýunça bilelikdäki işiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň