Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň baştutanyny kabul etdi

0
118
0
0

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany hanym Oýuunsaýhan Dendewnorowy kabul etdi.

Duşuşykda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýän, Türkmenistanyň ösüp gelýän nesilleriň hemmetaraplaýyn hem-de sazlaşykly ösmegi, ýaş türkmenistanlylaryň ýokary hilli bilim hem-de dünýä ölçegleriniň derejesinde terbiýe almagy üçin has amatly şertleriň üpjün edilmegine örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de ÝUNISEF-iň Aşgabatdaky wekilhanasynyň baştutany gazanylan üstünlikler we soňky ýyllarda hil taýdan baýlaşdyrylan köpýyllyk hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň we maksatnamalaryň, hususan-da, Türkmenistanda eneleriň, bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagyň 2015—2019-njy ýyllar üçin hereket etmegiň milli strategiýasynyň we meýilnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna aýratyn üns berildi.

Myhman Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň toplan baý tejribesine özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň hem-de birnäçe daşary döwletleriň örän uly gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, mekdebe çenli edaralarda bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki  zaman çagalar baglarynyň we mekdepleriň, özi-de diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Owganystanda hem gurulmagy boýunça alnyp barylýan uly işleri kanagatlanma bilen belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk derejesine laýyklykda ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine strategiki hyzmatdaşlygy amala aşyrýan ýurdumyzyň türkmen halkyny dostlugyň we birek-birege kömek bermegiň köpasyrlyk däpleri birleşdirýän goňşy döwletiň halkyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berjekdigini nygtady hem-de bu ugurda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar — aýry-aýry döwletler bilen bolşy ýaly, halkara we sebit guramalary bilen hem has-da ýygjam özara gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany guramanyň eneligi we çagalygy goramak babatda, BSGG bilen azyk önümlerini baýlaşdyrmak hem-de ilaty ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün etmek, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde çaga immunizasiýasyny geçirmek boýunça öňde barýan Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň çäklerinde amala aşyrylýan uly milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine berýän kömegi üçin ÝUNISEF-iň ýokary wezipeli wekiline aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň baştutany özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklary geljekde-de ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigini nygtady.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru