Soňky habarlar

Arhiw

«Balkan» Myrat Ýagşyýewiň het-trigi bilen üstün çykdy, «Hazyna» öz meýdanynda ýene-de ýeňiş gazandy

23:2924.11.2015
0
8398

Şu gün Türkmenistanyň 23-nji Milli futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 34-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berildi. Tapgyryň ilkinji gününde geçirilen iki duşuşygyň birinde ýer eýeleri, birinde myhmanlar ýeňiş gazandy. Duşuşyklaryň ikisi hem Aşgabat şäherinde geçirildi.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdanynda geçirilen duşuşykda «Hazyna» Mary şäheriniň «Merw» toparyny kabul etdi we Didar Durdyýewiň (26-njy minutda), Begenç Akamämmedowyň (68-nji minutda) geçiren pökgüleri bilen 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, şu tapgyrda «Hazyna» «Merw» bilen Aşgabatda geçirilen duşuşyklaryň ikisinde hem ýeňiş gazandy.

«Ahal» bilen «Balkanyň» arasyndaky duşuşyk, garaşylşy ýaly, juda gyzykly boldy. Şu möwsümde Aşgabatda geçirilen duşuşyklarynda entek «Ahaldan» üstün çykyp görmedik «nebitçiler» bu gün arzyly arzuwyna gowuşdylar. Duşuşyk 1:4 hasabynda «Balkanyň» peýdasyna tamamlandy. Şol sanda toparyň we Ýokary liganyň 23-nji möwsüminiň iň netijeli hüjümçisi Myrat Ýagşyýew 20 minutda üç gezek tapawutlanyp (50, 59 we 70-nji minutlarda), möwsümde geçiren pökgüleriniň sanyny 30-a tegeledi. Bu bolsa geçen möwsümiň iň netijeli hüjümçisi bolan Mämmedaly Karanowyň 28 pökgülik derejesinden hem köpdür. Öňde «Balkanyň» ýene-de geçirmeli 5 duşuşygy bar. M.Ýagşyýew iň netijeli futbolçylaryň bäsdeşligindäki görkezijisini gowulandyryp biler. «Nebitçileriň» adyndan dördünji pökgini duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 4 minut galanda Aleksandr Boliýan geçirdi we şu möwsümdäki gollarynyň sanyny 9-a çykardy. Ýer eýeleri «Balkanyň» 4 pökgüsine Mihail Titowyň 60-njy minutda geçiren pökgüsi bilen ýekeje jogaby berip bildiler.

Şu günki ýeňişden soň, «Hazyna» utuk sanyny 37-ä çykaryp, ýaryş tertibinde ýedinji basgançaga çykmaga ýakyn geldi. Häzire çenli 37 utuk toplan HTTU ertirki duşuşykda HTTU «Şagadamdan» asgyn gelse, «Hazyna» ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagyna geçer. Çünki HTTU-nyň geçiren duşuşyklarynyň sany «Hazynanyň» duşuşyklaryndan bir oýun kändir. Şol sanda «ykdysadyýetçiler» şu günki duşuşykdaky garşydaşlary bolan «Merw» topary bilen hem arany 4 utuga çenli ýygyrdy.

Arzyly ýeňişden soň, «Balkan» şu möwsümdäki utuklarynyň sanyny 60-a çykardy. Ertirki «Altyn asyr» — «Aşgabat» duşuşygy deňe-deň ýa-da «paýtagtlylaryň» peýdasyna tamamlansa, «Ahal» ýaryş tertibiniň dördünji basgançagyna düşüp biler.

Ertir 34-nji tapgyryň çäklerinde «Altyn asyr» — «Aşgabat», «Şagadam» — HTTU duşuşyklary bolar. Tapgyryň «Energetik» — «Daşoguz» duşuşygy bolsa 13-nji dekabra geçirildi.

Türkmenistanyň Ýokary ligasy — 2015: 34-nji tapgyryň duşuşyklary

24.11.2015 ý.

«Hazyna» 2:0 «Merw»

Gollar:

1:0, Didar Durdyýew 26’

2:0, Begenç Akmämmedow 68’

«Ahal» 1:4 «Balkan»

Gollar:

0:1, Myrat Ýagşyýew 50’ (11 metrlik jerime urgusy)

0:2, Myrat Ýagşyýew 59’

1:2, Mihail Titow 60’

1:3, Myrat Ýagşyýew 70’

1:4, Aleksandr Boliýan 86’.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň