Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

0
1064
0
17

23-nji noýabrda Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow  we Wladimir Putin däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň  ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar, iki döwletiň ikitaraplaýyn görnüşde   hem, BMG-niň, beýleki iri guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen köptaraplaýyn görnüşde hem däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Tähranda geçirilýän sammitiň gün tertibi barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolan strategiki energetika pudagynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin netijeli gurallaryň döredilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Şunda Bitarap Türkmenistanyň bu ulgamda öňe süren oňyn başlangyçlarynyň, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna we ykrarnamasyna eýe bolan başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Iki döwletiň Baştutanlary Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleri, hususan-da, onuň tutuş giňişliginde howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.  

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geljek ýylda Gazagystanda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň nobatdaky sammiti geçiriler.

Şunda milli Liderimiz gazagystanly kärdeşlerimiziň Hazar deňziniň  üstünden uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi boýunça biynjalyk bolýandyklaryna ünsi çekdi, muňa olaryň türkmen awiadispetçer gulluklaryna yzygiderli ýüz tutýandyklary hem şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, gazagystanly kärdeşlerimiz Hazaryň üstünden raýat ýolagçy we ýük uçarlarynyň uçuşlary üçin howpsuzlyk şertlerini döretmegiň zerurdygy baradaky haýyş bilen ýüz tutýarlar. 

Türkmen Lideri şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygyň 20 ýyllygyna  bagyşlanyp şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dabaraly çärelere, şol sanda ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmaga ýene bir gezek çagyrdy. Çakylyk üçin hoşallyk bildirip hem-de öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň ähmiýetini belläp, Russiýanyň Baştutany Russiýa Federasiýasynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine uly hormat goýýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin türkmen-rus gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän dostluk ýörelgelerine we taraplaryň erk-islegine esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru