Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

23:2123.11.2015
0
3057

23-nji noýabrda Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Premýer-ministri Abdelmalek Sellal bilen duşuşdy.

Alžiriň hökümetiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdel Aziz Buteflikanyň mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň hökümetiniň Baştutany Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, bu halkara hukuk derejesiniň esasynda türkmen döwletiniň barha ösýän parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Alžiriň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Türkmen Lideri gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň ähmiýeti barada aýdyp, şu gün bu möhüm meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň halkara energetika gepleşiginiň örän möhüm we aýrylmaz bölegine öwrüljekdigini belledi.

Alžiriň hökümetiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Eýranda geçirilýän sammit örän möhüm çäredir. Forumyň jemleri dünýä energetika giňişliginde özara gatnaşyklaryň netijeli, adalatly we   deňeçer nusgasyny döretmek boýunça tagallalary jemlemäge ýardam berer diýip, Premýer-ministr Abdelmalek Sellal aýtdy.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen-alžir gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgam we ýangyç-energetika toplumy görkezildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  we Alžiriň Hökümetiniň Baştutany duşuşygyň ahyrynda birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine  ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň