Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

23:1823.11.2015
0
5420

23-nji noýabrda Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmagyň çäklerinde Yrak Respublikasynyň Prezidenti Fuad Masum bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Baştutany bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga we tanyşmaga döredilen mümkinçilige şatdygyny belledi. Türkmenistan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.

Türkmenistan üçin Yrak geljegi uly hyzmatdaşdyr, bu ýurt bilen guralýan döwletara gatnaşyklary däp bolan dostluga we deňhukukly gatnaşyklara daýanýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Biziň ýurdumyz ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýedir we gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany Fuad Masumy halkara maslahata we bu şanly senäniň hormatyna şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda guraljak baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Öz nobatynda Yragyň Baştutany öz ýurdunda Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna ýokary baha berilýändigini belledi. Türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtap, Prezident Fuad Masum halkara bileleşigiň türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar edýändiginiň alamaty bolan bu şanly sene bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny gutlady.

Yrak gazyň uly gorlaryna eýedir, emma gaz ýataklaryny işlemegiň depginleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýär diýip, Prezident Fuad Masum belledi. Biz Türkmenistanyň bu ulgamda gazanan  sepgitlerini we üstünliklerini bilýäris diýip, Yragyň Baştutany sözüni dowam etmek bilen, Türkmenistan bilen ýangyç-energetika toplumynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Söhbetdeşler netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, doly möçberli döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge iki tarapyň hem gyzyklanmasyny beýan etdiler. Türkmen-yrak gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu ýurtda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri Yragyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, hökümetde ýokary we jogapkärli wezipeleri eýeleýärler diýip, Prezident Fuad Masum nygtady. Biz ýurdumyzda ýaşaýan türkmenlere uly hormat goýýarys diýip, Yragyň Lideri aýtdy.

Iki döwletiň Baştutanlary sebit we halkara meseleleriniň has möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Fuad Masun Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýardygyny tassykladylar. Şu gezekki duşuşygyň deňhukuklylyk, ynam we iki ýurduň milli bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerine esaslanýan netijeli  hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam  bildirip, söhbetdeşler türkmen we yrak halklarynyň  parahatçylyk, abadançylyk we ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň