Türkmenistanyň Prezidenti Boliwiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

0
676
0
0

23-nji noýabrda Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bu ýerde geçirilýän sammitiniň çäklerinde Köpmilletli Boliwiýa Döwletiniň Prezidenti Ewo Morales bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Boliwiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan, gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar we iri halkara guramalar bilen dünýä ösüşiniň meseleleriniň giň toplumy boýunça hemmetaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlyk ýoluny saýlap alan syýasatyna ýokary baha berip, türkmen Lideriniň dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki sammitiniň gün tertibine girizilen meselelere ünsi çekdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly,  nebitgaz serişdeleriniň iri gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika toplumynda, energetika howpsuzlygynyň düýpgöter täze köpugurly ulgamyny işläp taýýarlamak – energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň özara gatnaşyklarynyň tutuş toplumyny öz içine alýan giň hyzmatdaşlyk  ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Türkmen Lideri söhbetdeşine bu mesele boýunça türkmen tarapynyň garaýşyna düşünmek bilen çemeleşilýändigi üçin minnetdarlyk bildirip,  ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň halkara üstaşyr geçirilmeginiň deňhukukly, adalatly esasda amala aşyrylmagynyň, ykdysady hem-de  täzeçillik taýdan esaslandyrylan bolmagynyň ynamly tarapdarydygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda energiýa serişdelerine nyrh kesmek meselesi aýratyn ýiti häsiýete eýe bolýar, dünýäniň  energetika bazarynda nebitgaz serişdelerine, şol sanda tebigy gazyň nyrhlary hem üýtgäp durýar. Şeýle ýagdaý gazy iberijileriň hem-de satyn alýanlaryň gatnaşyklarynyň durnuksyzlygyny emele getirýär, dünýä ykdysadyýetiniň umumy ýagdaýyna oňaýsyz täsir edýär, şunuň bilen baglylykda bu ugurda döwlet, halkara maliýe edaralarynyň hem-de energetika kompaniýalarynyň derejesinde ylalaşylan jogapkärli çözgütleriň kabul edilmegi uly ähmiýete eýe bolýar.   

Iki dostlukly ýurduň Baştutanlary söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anykladylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru