“Şir” hokkeý kluby täze möwsüme taýýarlanýar

0
165
6
0

Sportuň gyşky görnüşleri boýunça güneşli ýurtda yzygiderli bäsleşik geçirilýändigine birnäçe ýyl mundan ozal geň galardyk. Emma häzirki wagtda Türkmenistanda hokkeý boýunça milli çempionatyň yzygiderli geçirilýändigi we halkara ýaryşlaryň guralandygy biz üçin adaty zada öwrüldi.

Biziň bu pikirimizi ünsli diňläp oturan söhbetdeşim doly ylalaşdy. Sebäbi ol türkmen hokkeýiniň ýörjen-ýörjen bolup başlan ilkinji ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň özlerine bildiren uly ynamyny ödäp, halkara ýaryşynda türkmen toparyny ýeňşe ýetiren adam. Has dogrusy, ol Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” hokkeý klubynyň ýolbaşçysy Aşyr Hojakulyýew.

        Bu hünärmen 2013-nji ýylda “Şir” hokkeý klubynyň başlygy wezipesine bellenildi. Bu topar şol mahal Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hokkeý kluby hökmünde çykyş edýärdi.

Bu toparyň oýunçylarynyň we tälimçileriniň hemmesini jebisleşdirip, olaryň uly üstünlikleri gazanyp biljekdigine ynam döretmek aňsat iş däl. Emma Aşyr Hojakulyýewe bu aňsat bolmadyk işiň hötdesinden gelmek başartdy.

 Onuň özi weli bu işde ýolbaşçylarynyň uly ýardamynyň we goldawynyň bolandygyny, şonuň netijesinde hem uly sepgitlere ýetilendigini gürrüň berýär.

-Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň garamagynda wagtymyzam, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hokkeý kluby hökmünde oýnaýan mahalymyzam ýolbaşçylarymyz hokkeý klubynyň ýokary derejede taýýarlyk görmegine ähli mümkinçilikleri döretdiler-diýip, “Şir” hokkeý klubynyň başlygy gürrüň berýär.

 Ol hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde türkmenistanly hokkeýçileriň, şol sanda “Şir” hokkeý klubynyň daşary ýurtlarda ýaryşa gatnaşmagyna we Türkmenistanyň hokkeý çempionatyna taýýarlanmagyna şert döredilýändigini buýsanç bilen dile getirýär.

“Şir” hokkeý kluby barada aýdanymyzda, bu toparyň oýunçylary eýýäm birnäçe gezek Belarus Respublikasynda bolup geldiler.

Hokkeý oýnunyň durnukly ösdürilýän döwletinde çykyş edýän klublaryň ussatlyk derejesi hem ýokary bolýar. Munuň özi türkmenistanly hokkeýçileriň has-da taplanmagyna mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, “Şir” hokkeý kluby 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýetginjekleriň halkara hokkeý ýaryşynda ýeňşini baýram etdi.

2013-nji ýyldan bäri “Şir” hokkeý kluby Türkmenistanyň çempionatynda 2 gezek wise-çempion boldy.

2014-nji ýylda Nowruz baýramyna bagyşlanan ýaryşda, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň IIM-niň kubogynda Aşyr Hojakulyýewiň ýolbaşçylyk edýän klubyna taý tapylmady.

Häzirki wagtda ýeňişli ýörişi mynasyp dowam etdirmk üçin tagalla edýän “Şir” hokkeý klubynyň oýunçylary we tälimçileri Türkmenistanyň nobatdaky çempionatyna taýýarlyk görýärler.

Olaryň türgenleşigini synlap, hokkeýçilerň okgunlylygyny we hyjuwyny görýärsiň. Şoňä görä-de, bu klubyň uly ýaşly toparynyňam, kiçi ýaşly toparynyňam öňdäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etjekdigine berk ynanýarsyň.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru