Ruslan Mingazow doglan gününiň öňüsyrasynda geçirilen duşuşykda iki gezek tapawutlandy

0
209
2
0

Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow 24 ýaşaýar. Häzir Çehiýanyň «Ýablones» toparynda çykyş edýän futbolçy düýn Çehiýanyň çempionatynda «Teplise» bilen geçirilen duşuşykda iki gezek tapawutlanyp, toparynyň utuk gazanmagyna uly goşant goşdy. Duşuşygyň 14-nji minutda «Teplise» Admir Lýewakoçiň drüs urgusy bilen öňe saýlandy. Ýöne şondan 10 minut soňra türkmenistanly futbolçy hasaby deňledi. Birinji ýarymy 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşygyň 73-nji minudynda milli ýygyndymyzyň ýarym goragçysy ýene bir gezek tapawutlanyp, hasaby 2:1-e çykardy. Ýöne myhmançylykda çykyş edýän «Ýablonesiň» futbolçylarynyň şatlygy bary-ýogy bir minuda çekdi. 74-nji minutda ýer eýeleri hasaby deňlediler. Bu gezek Ýan Krob tapawutlandy. Duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň gahrymanyna öwrülen ildeşimiz «Ýablonesde» geçen möwsümden bäri çykyş edýär. Ol topary bilen Çehiýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy we Kubok ýaryşynyň finalynda çykyş etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru