Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparynyň ilkinji gününde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi

08:3923.11.2015
0
4979

22-nji noýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Eýran Yslam  Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, beýleki resmi adamlar ugratdylar. Tähran şäheriniň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde türkmen Liderini ýokary wezipeli resmi adamlar garşyladylar.  

“Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgünde belent mertebeli türkmen myhmanyny Prezident Hasan Ruhani doganlarça mähirli garşylady.

Bu ýerde iki ýurduň Liderleri ikiçäk duşuşyk geçirdiler. Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň    agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Ikitaraplaýyn görnüşde hem, iri halkara guramalarynyň çäklerinde hem alnyp barylýan hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça içgin pikir alyşmalar geçirildi. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Hazar deňzinde söwda gämi gatnawy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Saglygy goraýyş, derman we lukmançylyk bilimi ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Mary (Türkmenistan) — Maşat (Eýran) elektrik geçirijisini gurmak babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» döwlet poçta aragatnaşygy kompaniýasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Poçta kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Sport we ýaşlar ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasy barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Standartlaşdyrmak, güwälendirmek, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenstandartlar» Baş döwlet gullugy bilen Eýranyň Standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti  we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler duşuşygyň barşynda ägirt uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni- ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary giňeltmek we hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky pikiri beýan etdiler.

Şu gün türkmen Lideri “Ejlas-Saran” Maslahatlar merkezinde geçiriljek gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe döwlet ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň