Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy

22:0922.11.2015
0
2888

Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Kiprden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler  Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, şeýle hem uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosini satyn aldylar. Germaniýaly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny, türkiýeli işewürler bolsa “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK)  satyn aldylar.  Bulardan başga-da, daşary ýurt  puluna boýalan tüýjümek önümler we nah ýüplügi ýerlenildi.  Olary Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gruziýadan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan we  beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 62 million 610 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden we Hindistandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 387 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin, umumy bahasy 6 million 410  müň manatdan gowrak möçberde azyklyk bugdaýy we süýümli ulugy satyn aldylar.

“Türkmenistan: hepdäniň wakalary”, TDH. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň