Gülbadam Babamuratowa dzýudo boýunça halkara ýaryşynyň gran-pri tapgyrynda kümüş medal eýeledi

0
1026
221
0

Türkmen türgeni Gülbadam Babamyradowa anna güni Hytaýyň Sindao şäherinde badalga alan dzýudo boýunça halkara Gran-pri ýaryşynda kümüş medaly eýeledi. Bu bäsleşik Halkara dzýudo federasiýasynyň ýaryşlarynyň kalendaryna girýän iri sport çäresidir.

Lebap welaýatyndan 24 ýaşly halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa 52 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, 11 ýurtdan 19 dzýudoçy zenanyň arasynda bu üstünlige eýe boldy.

Biziň ildeşimiz dört gezek tutluşyp, olaryň üçüsinde ýeňiş gazandy. Birinji bäsleşikde ol ýer eýeleriniň wekili Çen Çeni ýeňdi. Soňra ispaniýaly Laura Gomesden we şweýsariýaly Ewelin Soppdan arassa üstün çykdy. Şunda Gülbadamyň Ewelin Soppy ýarym final bäsleşikde bary-ýogy 24 sekundyň içinde ýeňendigini bellemek gerek.

Finalda Türkmenistanyň 2014-nji ýylyň iň gowy türgeni — tejribeli ýapon türgeniÝuka Nişida bilen güýç synanyşdy, şonda ýaponiýaly dzýudoçy tutluşygyň iň soňky minudynda üstünlik gazandy.

Daşary ýurt metbugatynda “Gülbadam Babamyradowa multisport ýyldyzydyr” diýip ýazýarlar. Ol hem bu derejäni iri halkara ýaryşlarynda dürli medallara yzygiderli eýe bolmak bilen subut edýär.

Gülbadamyň iri halkara ýaryşlarynda dzýudo boýunça alan nobatdaky medaly zehinli türkmen türgeniniň 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek XXXI tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjekdigine umyt döredýär.

Ýakyn wagtlarda G.Babamyradowa ýene-de iki iri halkara ýaryşlarynda – dzýudo boýunça Gran-pri we Grand Slam bäsleşiklerinde çykyş eder, bu ýaryşlar degişlilikde 26 -28-nji noýabrda Koreýa Respublikasynyň Çedžu şäherinde we 4-6-njy dekabrda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru