Türkmenistanyň Ýokary ligasynda 33-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

18:2221.11.2015
0
1522

Milli ýygyndymyzyň duşuşyklary sebäpli, bir aýa golaý arakesmeden soňra, 20-21-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça Milli çempionatynyň Ýokary ligasy 33-nji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam etdi.

Tapgyryň açylyş duşuşygy 20-nji noýabrda geçirildi. Onda «Aşgabat» futbol topary Ýokary liganyň täze wekilini — «Energetigi» kabul etdi. Duşuşykda ýer eýeleri 54-nji minutda Ruslan Kurbanowyň dürs urgusy bilen öňe saýlandylar. Şondan soň hasaby üýtgetmek toparlaryň hiç birine-de başartmady. Şeýlelikde, möwsümde «Aşgabat» bilen «Energetigiň» özara geçiren dördünji duşuşygy «paýtagtlylaryň» peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.

Tapgyryň galan dört duşuşygy şu gün geçirildi. Olarda «Balkan» «Altyn asyry», «Merw» «Şagadamy», «Daşoguz» «Hazynany» we HTTU «Ahaly» kabul etdi.

Tapgyryň esasy duşuşygynda «nebitçilere» «aragatnaşykçylary» ýeňmek ýene-de başartmady. 21-nji minutda Selim Nurmyradowyň, 51-nji minutda hem Umidjan Astanowyň geçiren pökgüleri bilen «Altyn asyr» duşuşygy öz peýdasyna tamamlady. Şeýlelikde, şu möwsümde geçirilen (Ýokary ligada we Kubok ýaryşynda) «Balkan» — «Altyn asyr» duşuşyklarynyň 6-synda hem «aragatnaşykçylar» ýeňiş gazandy.

«Merw» bilen «Şagadamyň» arasynda geçirilen duşuşykda ýer eýeleri 8-nji minutda Rasim Gereýhanowyň 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirmeginiň netijesinde 1:0 hasabynda öňe çykdy. Birinji ýarymy şu hasapda tamamlanan duşuşygyň 54-nji minudynda Arslan Ýusubow tapawudy iki pökgä çykardy. «Şagadam» derwezesine geçirilen gollara 71-nji minutda Döwlet Baýramowyň dürs urgusy bilen jogap berip bilen bolsa-da, topara hasaby deňlemek başartmady. Duşuşyk 2:1 hasabynda «Merwiň» peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, bu iki toparyň arasynda şu ýyl geçirilen dört duşuşygyň ikisinde «Merw», birinde «Şagadam» ýeňiş gazandy, bir duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy.

Daşoguz şäherinde geçirilen duşuşykda «Hazyna» Didar Durdyýewiň ikinji ýarymda geçiren ýeketäk pökgüsi bilen ýeňiş gazandy. Günüň beýleki bir duşuşygynda bolsa HTTU bilen «Ahalyň» hiç birine-de ýeňiş gazanmak başartmady. Tapgyryň deňlikde tamamlanan ýeketäk duşuşygynyň 72-nji minudynda Orazmuhammet Işangulyýew «Ahaly» öňe çykaran hem bolsa, talyplar 90-njy minutda Okan Ersoýyň goly bilen hasaby deňlemegi başardylar. Şeýlelikde, HTTU bilen «Ahalyň» özara geçiren soňky duşuşyklarynyň ikisi hem şol bir hasap bilen deňlikde tamamlandy. Birinji, ikinji aýlawlarda bolsa «Ahal» ýeňiş gazanypdy.

Ýokary liga — 2015: 33-nji tapgyryň duşuşyklary:

20-nji noýabr

«Aşgabat» 1-0 «Energetik»

Gol:

1-0, Ruslan Kurbanow 54’

21-nji noýabr

«Balkan» 0-2 «Altyn asyr»

Gollar:

0-1, Selim Nurmyradow 21’

0-2, Umidjan Astanow 51’

HTTU 1-1 «Ahal»

Gollar:

0-1, Orazmuhammet Işangulyýew 72’

1-1, Okan Ersoý 90’.

«Merw» 2-1 «Şagadam»

Gollar:

1-0, Rasim Gereýhanow 8 (11 m.jerime)

2-0, Arslan Ýusubow 54’

2-1, Döwlet Baýramow 71’.

«Daşoguz» 0-1 «Hazyna»

Gol:

0-1, Didar Durdyýew.

Ýaryş tertibi:

«ALTYN ASYR» 29/74
«BALKAN» 30/57
«AHAL» 30/49
«AŞGABAT» 30/49
«ŞAGADAM» 30/45
«MERW» 30/41
HTTU 29/37
«HAZYNA» 28/34
«ENERGETIK» 30/15
«DAŞOGUZ» 30/11

Iň netijeli hüjümçiler:

1. Myrat Ýagşyýew («Balkan») — 27 (2-si 11 metrlik jerime urgusyndan) pökgi;

2. Süleýman Muhadow («Altyn asyr») — 23 pökgi;

3. Altymyrat Annadurdyýew («Ahal») — 22 pökgi;

4. Berdi Şamyradow («Aşgabat») — 18 (Biri 11 metrlik jerime urgusyndan) pökgi;

5. Hemra Amanmämmedow («Şagadam») — 16 (6-sy 11 metrlik jerime urgusyndan) pökgi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň