Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenmineral” önümçilik birleşigi Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň garamagyna berler

13:5521.11.2015
0
4575

Türkmenistanyň Minstrler Kabinetiniň 20-nji noýabrda geçirilen mejlisinde

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan gaýtadan işleýän pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdylyp, Magdanly şäherinde ýerleşýän «Türkmenmineral» önümçilik birleşiginiň binýadynda täze senagat önümçiliklerini döretmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Häzirki wagtda bu kärhananyň binýadynda önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligine başlamak boýunça işler alnyp barylýar.  Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenmineral” önümçilik birleşiginiň gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine degişli bölümlerini, esasy serişdeleri, tehnikalary hem-de degişlilikde, çig mal ýataklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň garamagyna berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, gaýtadan işleýän pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Milli Liderimiz himiýa senagatynyň we gurluşyk serişdeleri senagatynyň çalt depginler bilen ösdürilmeginiň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň hem-de milli maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmelidigini nygtap, edilen teklibi makullady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň