“Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” - Aziada - 2017-niň şygary

0
240
0
0

Türkmenistanyň Minstrler Kabinetiniň 20-nji noýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlygyň barşy hakynda hasabat berildi.

Häzir bu oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler görülýär, iri halkara ýaryşlaryny geçirmek boýunça öňdebaryjy dünýä tejribesi öwrenilýär.

Şeýle-de, Ýerine ýetiriji komitetiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde taýýarlan Aziadanyň şygarlary boýunça teklipler döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada — 2017-niň şygarlary boýunça teklipler bilen tanşyp, “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” diýen şygarda oýunlaryň esasy maksady—Sagdyn durmuş ýörelgesine we sport bilen meşgullanmaga, dünýäniň döwletleriniň hem-de halklarynyň arasynda dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ruhy taýdan kämilleşdirmäge we berkitmäge bolan islegi höweslendirmek maksady öz beýanyny tapýar diýip nygtady.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru