Türkmenistanyň welaýatlaryny ösdürmek baradaky maksatnamalara üýtgetme girizilýär

13:4121.11.2015
0
1221

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryna hem-de Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna üýtgetmeleri girizmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilen işler barada hasabat berildi.

Bu işleriň çäklerinde ýurduň ministrlikleri we edaralary, welaýat häkimlikleri bilen bilelikde pudaklarda gurluşyk-maýa goýum işlerine seljerme geçirildi. Habar berlişi ýaly, ady agzalan maksatnamalara laýyklykda häzirki güne çenli desgalaryň we binalaryň 452-siniň gurluşygy tamamlanyp, desgalaryň 370-siniň gurluşygy dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň